Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Aleppo şäherinde birnäçe partlama gurnaldy


Çarşenbe güni Aleppo şäherinde amala aşyrylan partlamalaryň döreden ýykan-ýumrançylyklary. Aleppo, 3-nji oktýabr.
Çarşenbe güni Aleppo şäherinde amala aşyrylan partlamalaryň döreden ýykan-ýumrançylyklary. Aleppo, 3-nji oktýabr.
Çarşenbe güni Siriýanyň Aleppo şäherinde hökümet güýçleriniň kontrollygynda ýerleşýän kwartalda üç sany maşyna ýerleşdirilen bombanyň partladylmagynda azyndan 40 töweregi adamyň ölendigi habar berilýär.

Siriýa boýunça iş alyp barýan we düýbi Londonda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy gurama Aleppo şäherinde amala aşyrylan bu partlamalaryň bu şäherdäki ofiserler klubyny nyşana alandygyny aýdýar.

Bu gurama ýerli keselhana çeşmeleriniň maglumatyna salgylanmak bilen, hökümet güýçleriniň kontrollygyndaky kwartalda çarşenbe güni amala aşyrylan bu üç sany partlamada ölen 40-a golaý adamdan aglabasynyň hökümetiň harbylarydygyny mälim etdi.

Media “terrorçylary” aýyplaýar

Siriýanyň döwlet telewideniýesi içine bomba ýerleşdirilen üç sany maşynyň “Aleppo Palace” atly myhmanhananyň golaýynda partladylandygyny habar berýär. Bu myhmanhanada bolsa ýerli habarçylar bilen birlikde daşary ýurt media guramalarynyň-da žurnalistleri ýerleşýärler.

Döwlet telewideniýesi bu partlamalaryň “terrorçylar” tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi. Prezident Başar al-Assadyň režimi oppozision söweşijileriň hemmesini “terrorçylar” hökmünde häsiýetlendirip gelýär.

Siriýanyň oppozision aktiwistleri çarşenbe güni Aleppo şäheriniň Söwda palatasynyň binasynyň golaýynda dördülenji bir partlamanyň-da amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Ýitgiler barada maglumat dürli

Siriýanyň döwlet telewideniýesi bu wakanyň yzýany bu partlamalarda ölenleriň sanyny 27, ýaralananlaryň sanyny bolsa 75 adam diýip berdi. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, telewideniýe halas ediş işleriniň barşynda ölenleriň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna garaşylýandygyny-da mälim etdi.

Döwlet telewideniýesiniň wideo ýazgylarynda myhmanhananyň we onuň golaýyndaky kafeleriň diwarlarynyň uly derejede weýran edilendigini görmek bolýar.

Soňky birnäçe aý bäri Siriýanyň Aleppo şäherinde hökümet güýçleri bilen oppozision ýaragly söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklar dyngysyz dowam edýär. Bu çaknyşyklarda şäheriň kwartallarynyň käte bir toparyň eline, käte beýleki bir toparyň eline geçýändigi habar berilýär.

Çaknyşyklar güýçlenýär

Geçen hepde oppozision ýaragly söweşijiler bu şäheriň hökümet güýçleriniň kontrollygynda ýerleşýän raýonlaryny ele almak üçin täzeden çynlakaý hüjüme geçendiklerini yglan etdiler.

Bu wakalaryň fonunda ýerli aktiwistler sişenbe güni giçlik prezident Başar al-Assadyň dogduk şäheri bolan deňiz ýakasyndaky Kordaha şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň protest çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin goşmaça hökümet güýçleriniň bu şähere getirilendigini habar berdiler.

Aktiwistler çarşenbe güni bu şäherde hökümet güýçleriniň azyndan 20 adamy tussag edendiklerini mälim etdiler.

Siriýa boýunça iş alyp barýan we düýbi Londonda ýerleşýän ynsan hukuklaryna goraýjy topar Siriýada indi bir ýarym ýyla golaý wagt bäri dowam edýän halk çykyşlarynyň barşynda ýurtda 30 müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG