Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri prezidentiniň gyzynyň goşgusy okuw kitaplaryna girizildi


Azerbaýjanyň prezidentiniň gyzy Leýla Aliýewa
Azerbaýjanyň prezidentiniň gyzy Leýla Aliýewa
Azerbaýjanyň prezidentiniň gyzy Leýla Aliýewa hakda näme pikir etseňizem, onuň “ýiti” zehininiň bardygyny boýun almaly bolýar.

Aslynda awtoritar prezident Ylham Aliýewiň iň uly gyzynyň medeniýet, sungat we jemgyýetçilik meseleleri bilen gyzyklanmalaryndan çen tutsaň, ol hemme zada burnuny sokup çykypdyr.

Ol ejesine degişli Geýdar Aliýew adyndaky haýyr-sahawat fondunyň wise-prezidenti bolmak bilen bir hatarda Azerbaýjanyň awiasiýa we aragatnaşyk ulgamynyň hem möhüm aktýorlarynyň biridir. Şeýle-de ol, nädibem bolsa bir zatlar edip, “Baku” atly moda žurnalynyň baş redaktorlygy wezipesini hem alyp barmaga wagt tapýar.

Aliýewanyň gözüňi gamaşdyryjy web-saýtyna seretseň, ol: işewür halypa, dostluk ilçisi we daşky gurşaw ugrunda göreşiji bolmagy gazanypdyr.

Aslynda hakykatyň gözüne içgin seredenimizde, ol hem suratkeş, hem kino prodýuseri, hem şahyr, garaz, renessans döwrüniň (täzeden direliş döwrüniň) zenany ýaly bolup görünýär. (Iň bärkisi çeper höwesjeňlik derejesinde.)

Ýaňy-ýakynda onuň goşgularynyň biri bäşinji synp mekdep okuwçylarynyň kitabyna girizilende, onuň edebi talanty-da “ykrar edildi”.

Aliýewanyň merhum atasy, şeýle hem Azerbaýjanyň ozalky prezidenti Geýdar Aliýewiň şanyna düzen “Elegiýasy” Jafar Jabbarali ýaly görnükli azerbaýjan ýazyjylarynyň eserleri bilen bir hatarda okuw kitaplarynda peýda boldy.

Ynha, şu aşakdaky gysgajyk setirlerde beýan edilişi ýaly, bu setirler garaşsyz Azerbaýjanyň üçünji prezidentine bolan çuňňur hormaty we Aliýewanyň merhum atasynyň dünýeden ötmegi bilen baglanyşykly gynanjyny äşgär edýär:

Ýyldyz sary uçýan bir guş bolsadym
Ýollarymy ýagtyltsady ýagty aý
Şol ýerde men saňa duşup bilsedim
Soň gaýtsadyk bile Dünýämize taý

Gulak sal gussamyň pyşyrdysyna
Men oňat bilýärin aýralyk näme
Ýeller ýaýratsady agysyn kalbyň
Bu ümmülmez dünýä, bu giň äleme


(Leýla Aliýewa)

Galan alty topbakda-da şol bir ruhy ahwalda hem äheňde dowam edýän bu goşgy umumylykda ýurtda goldaw tapmady we hatda onuň orta mekdepleriň okuw kitabyna girizilmegini tankyt edenlerem boldy.

Aslynda käbir adamlar goşgynyň kitapda neşir edilmegini onuň edebi talantyndan beter Aliýewanyň Azerbaýjandaky “abraýy” üçin edilen tagalla diýip hasaplaýarlar. Görnükli ýazyjy Akram Aýlişli Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Belki-de, ol gyzyň (Aliýewanyň) özem bilýändir bu barada. Ýaranjaňlyk ýurduň içinde şeýle bir rowaç aldy welin, belkem, kimdir biri bu goşgyny alaga-da kitaba ýelmändir. Mekdep kitaplary hiç haçan häzirki ýaly erbet bolmandy”.

Oppozisiýadaky blogger we aktiwist Zaur Gurbanly 25-nji sentýabrda bu şygyr hakda şeýle ýazdy: “Bu diktator Ylham Aliýewiň gyzynyň döredijiligi. Gör, biz nirä barýas. Çagalary zäherlemegiň bir ýoly bu. Biz elimizden geldigiçe protest bildirmeli”.

Gynansagam, Gurbanly demonstrasiýalara gatnaşmaga mümkinçilik tapyp bilmedi. Ol 29-njy sentýabrda bikanun neşe ýaýratmakda güman edilip, şeýle-de onuň iş otagyndan tapylan “bikanun resminamalar we zatlar” sebäpli hukuk goraýjy edaralar tarapyndan saklanyldy.

Häkimiýetler “Elegiýa” baradaky düşünişmezliklere ähmiýet bermezlige çytraşýar. Azerbaýjanyň Bilim ministrliginiň mekdep kitaplary baradaky bölüminiň müdiri Faik Şahbazly goşgynyň mekdep antologiýasyna girizilmegini “adaty” zat diýip düşündirdi.

“Ol esasy kitaba girizilmän, goşmaça gollanmada ýerleşdirildi. Goşgynyň özi örän ajaýyp” diýip, ol öz pikirini mälim etdi.

Kollin O’Konor Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň habarçysydyr. Şahnaz Baýlargyzynyň tagallalary bilen ýazyldy.
XS
SM
MD
LG