Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýadan edilen hüjüme jogap berdi


Türkiýäniň Akçakale obasyna garşy minomýot oky atylandan soň, 3-nji oktýabr.
Türkiýäniň Akçakale obasyna garşy minomýot oky atylandan soň, 3-nji oktýabr.
Türkiýe özüniň harby güýçleriniň goňşy Siriýadaky obýektleri nyşana alandygyny aýdýar. Ondan öň Siriýadan atylan minomýot oklary Türkiýäniň territoriýasyna düşüp, baş adamyň ölümine we 10-dan gowragynyň ýaralanmagyna getiripdi.

Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdoganyň edarasynyň ýaýradan beýanatynda Türkiýäniň güýçleriniň "Siriýadaky ýerleri radar arkaly kesgitläp“, olary nyşana alandygy aýdylýar.

3-nji oktýabrda ir bilen Türkiýäniň Akçakale obasynda bir enäniň we dört çaganyň Siriýadan atylan minomýot okundan ölendigi habar berildi.

Beýanatda "ýurduň milli howpsuzlygyna garşy Siriýanyň režimi tarapyndan amala aşyrylýan prowokasiýalary Türkiýäniň hiç haçan jogapsyz galdyrmajagy“ aýdylýar.

Türkiýäniň NTW telekanaly Türkiýäniň radarynyň Akçakale obasyna garşy ok atylan ýerleri bir-birden kesgitländigini, şol ýerleriň bolsa oka tutulandygyny habar berdi.

Beýanatda ýurduň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, şeýle hem Howpsuzlyk Geňeşiniň birnaçe agzasynyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gürleşendigi aýdylýar.

Soňra Pan Gi Mun Siriýanyň hökümetini özüniň goňşularynyň territorial bütewiligini goramaga çagyrdy we Siriýadaky 19 aýa çeken çaknyşyklaryň regiondaky beýleki ýurtlara gitdigiçe zeper ýetirýändigini duýdurdy.

Brýusselde giçlik geçirilen ýygnakda NATO-nyň ilçileri Siriýany NATO-nyň agzasy Türkiýä garşy özüniň "gaharly hereketlerini" derhal bes etmäge çagyryp, Ankara doly suratda goldaw bildirdiler.

Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Türkiýäniň Siriýadan oka tutulmagyna özüniň "gahar edendigini“ aýtdy.

"Biz Türkiýäniň tarapynda ýüze çykan adam pidalaryna çuňňur gynanç bildirýäris" diýip, Klinton sözüne goşdy.

Pentagonyň metbugat wekili Jorj Lidl Birleşen Ştatlaryň bu ýagdaýy ýakyndan synlajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG