Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Romni çekeleşdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (çepde) we onuň Respublikan bäsdeşi Mitt Romni.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (çepde) we onuň Respublikan bäsdeşi Mitt Romni.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we ýetip gelýän prezidentlik saýlawlaryndaky Respublikan bäsdeşi Mitt Romni ýurduň günbataryndaky Kolorado ştatynyň Denwer şäherinde geçirilen ilkinji prezidentlik çekeleşigine gatnaşdy.

Togsan minuda çeken çekeleşikde ýurduň içerki meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, iş orunlarynyň ösüşi we hökümet defisiti üns merkezinde boldy.

Obama özüniň garaýşynyň Romniňkiden tapawutlanýandygyny aýtdy.

"Onsoň şu gije şu ýerdäki sorag nirä gelendigimiz barada däl-de, nirä barýandygymyz baradadyr. Gubernator Romni, eger-de biz esasan baýlara degişli bolan salgytlary azaltsak we düzgünleri gowşatsak, onda bu biziň üçin has gowy bolar diýýär. Meniň başgaça garaýşym bar“ diýip, Birleşen Ştatlaryň lideri aýtdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetini özgertmek boýunça öz garaýyşlaryna düşündiriş berdi.

“Meniň pikirimçe, biz bilime we türgenleşige has köp maýa ýatyrmaly. Men Amerikada täze energiýa çeşmelerini döretmek, Birleşen Ştatlarda maýa ýatyrýan kiçi bizneslere we kompaniýalara goldaw berip bilmegimiz üçin salgyt kodeksimizi üýtgetmek, iki söweşi bes etmek bilen tygşytlaýan pulumyzyň käbir bölegini ulanmak has möhüm diýip, hasap edýärin“ diýip, Obama aýtdy.

Romni prezident Obamanyň syýasatynyň "Amerika üçin dogry jogap däldigini“ nygtady.

“Prezidentiň dört ýyl mundan öň wezipä gelende öňe süren pikirlerine meňzeş garaýyşlary bar. Hökümeti giňeltmek, has köp sowmak, has köp salgyt çöplemek, has köp düzgünleşdirmek arkaly, eger isleýän bolsaňyz, mätäçlere peýda getirýän hökümet gowy işlär. Bu Amerika üçin dogry jogap däldir“ diýip, Romni aýtdy.

Romni baýlara salynýan salgytlary azaltmagy göz öňünde tutýandygyny ret etdi.

“Jogap bolsa – hawa, biz kömek edip bileris. Emma muny başgaça ýollar arkaly amala aşyrmaly bolar. Häzirkisi ýaly, prezidentiň ýokardan aşak, baýlaryň salgydyny azaltmak diýip düşündirişi ýaly däl. Bu meniň etjek zadym däl“ diýip, Romni aýtdy.

Romni Obamamy ýokary derejedäki defisiti ösdürmekde günäkärledi we federal defisiti "ahlaky mesele“ diýip häsiýetlendirdi.

"Meniň pikirimçe, bu diňe bir ykdysady mesele däl, bu bir ahlaky meseledir. Indiki nesilleriň gerdenine düşjegini, olaryň öz ömürleriniň dowamynda munuň üçin tölemeli boljakdyklaryny bilibem gazanýanymyzdan has köp pul sowmak meniň neslim üçin ahlak taýdan kabul ederlikli däl diýip, pikir edýärin. Her ýyl bir trillion dollarlyk karz almak ahlaky däl“ diýip, Romni aýtdy.

Obama özüniň häkimiýet başyna geçende has uly defisit bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, bu ýagdaýyň bolsa ykdysady krizis netijesinde hasam beterländigini belledi.

Waşingtonda gündelik neşir edilýän "Politico" neşiriniň milli syýasat boýunça redaktory Çarles Mahtesian Romnä ýokary baha berdi.

“Bu Romni üçin möhüm pursatdy we ol mundan peýdalanmagy başardy. Ol düşünjeli çykyş etdi, ol käbir möhüm meseleler babatda düýpli çykyş etdi“ diýip, Mahtesian aýtdy.

Telewideniýe arkaly göni efirde görkezilen çekeleşige takmynan 50 million adamyň tomaşa etmegine garaşylýardy.

Bu 6-njy nobýabrda geçirilmeli saýlawlaryň öňüsyrasyndaky üç sany prezidentlik çekeleşiginiň ilkinjisi boldy.

Pikir soralyşyklar Obamanyň Romniden öňe saýlanandygyny görkezýär.

Gizlin kamera arkaly ýazga geçirilen wideo Massaçusets ştatynyň öňki gubernatory Romnä zeper ýetiripdi. Ol bu wideoda saýlawçylaryň 47 prosentiniň hökümete garaşlydygyny we özüne goldaw bildirjege meňzemeýändiklerini aýdýar.

Analitikler gowşak ykdysady ösüşiň we 8.1 prosent işsizligiň Obamanyň ikinji dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlanmagyny kynlaşdyrandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG