Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýanyň içindäki nyşanalary topa tutmaga başlady


Arkada Siriýanyň Tel Abýad gümrük edarasy, siriýaly erkekler serhetden geçip, Türkiýä barýarlar. 4-nji oktýabr, 2012.

Arkada Siriýanyň Tel Abýad gümrük edarasy, siriýaly erkekler serhetden geçip, Türkiýä barýarlar. 4-nji oktýabr, 2012.

Türkiýäniň harbylary penşenbe güni, çarşenbe gününde edilen serhetaşa hüjümlerinde bäş türk raýaty öldürilenden soň, Siriýanyň içindäki nyşanlary top okuna tutmaga başlady.

Türkiýäniň NTW telewideniýesi Siriýanyň 10 km çemesi içinde ýerleşýän Tel Abýad etrabynyň top okuna tutulandygyny aýtdy.

Siriýanyň içindäki aktiwistler bu hüjümiň prezident Başar al-Assada ygrarly esgerlerden birnäçesini öldürendigini aýtdylar.

Iki aýal we üç caga öldürildi

Çarşenbe güni Türkiýäniň serhet şäheri Akjagalada Tel Abýad töwereginden atylan top oklary iki aýaly we üç çagany öldürdi.

Türkiýäniň hökümeti indi özüniň serhetden aňyrda harby operasiýa geçirmek üçin parlament tassyklamasyny almaga çalyşýandygyny aýdýar.

Emma Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdoganyň geňeşçisi Ibrahim Kalin Türkiýäniň Siriýa garşy uruş yglan etmek niýeti ýok diýdi.

Ol Türkiýäniň bu krizisi çözmek ugrundaky syýasy tagallalaryny dowam etdirjegini sözüne goşdy.

Geçmişde türk harbylary kürt jeňçilerini yzarlamak üçin demirgazyk Yraga giripdiler.

Halkara reaksiýasy

BMG we NATO Siriýany öz goňşularynyň territorial bitewiligini hormatlamaga çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň sözçüsi Martin Nesirki çarşenbe güni Türkiýäni Siriýa bilen dialog gurmaga çagyrdy.

"Baş sekretar betbagtçylykly adam ýitgilerine gynanjyny bildirdi we türk hökümetini, bu hadysa netijesinde döremegi mümkin dartgynlyklary gowşatmak nukdaý nazaryndan, siriýa häkimiýetleri bilen gepleşikler üçin ähli ýoly açyk goýmaga ündedi" diýip, Nesirki aýtdy.

Çarşenbe güni giçlik NATO ýaranlygyň agzasy bolan Türkiýäniň talaby esasynda adatdan daşary duşuşyk geçirdi.

Ýaranlygyň ýaýradan beýanatynda “onuň Türkiýe bilen bilelikde bolmagy dowam etdirýändigi hem-de öz ýaranyna garşy beýle agressiw hereketleriň derhal bes edilmegini talap edýändigi” aýdylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton hem bu hüjüm zerarly gahar-gazabyny bildirdi.

BMG-niň howpsuzlyk geňeşi, Türkiýäniň talaby esasynda, penşenbe güni giçlik ýygnanyp, Siriýanyň hereketlerini ýazgarmagy planlaşdyrdy.

Siriýa bu hadysany derňeýändigini aýtdy we wepat bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Akjagala şäheri soňky hepdelerde Siriýadan birnäçe gezek oka tutuldy.

Siriýanyň hökümet güýçleri iýun aýynda Türkiýäniň harby uçaryny oka tutup, ony deňze gaçyrypdylar. Şonda iki türk piloty heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG