Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-ABŞ: Moskwa bikanun eksporta gatnaşygyny ret edýär


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili A.Lukaşewiç.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili A.Lukaşewiç.
Moskwa Birleşen Ştatlarda mikroelektron tehnologiýaly enjamlaryň bikanun eksporty bilen bagly ýüze çykan çylşyrymly waka orsýetli gizlin gulluklaryň gatnaşygyny ret edýär.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Adalat departamenti Orsýetiň harby we gizlin gulluklarynyň Birleşen Ştatlarda öndürilen elektron enjamlara eýe bolmak boýunça bikanun hereketleriniň öňüni alandygyny yglan etdi.

Çarşenbe güni Nýu Ýorkda federal prokurorlar bu işde şübhelenýän 11 adama günä bildirdiler.

Birleşen Ştatlar çylşyrymly mikroelektron serişdeleriň eksportyny döwletiň berk gözegçiliginde saklaýar. Sebäbi şeýle serişdeler harby radarlarda, yzarlaýjy we partladyjy mehanizmlerde ulanylýar.

Moskwanyň reaksiýasy

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Aleksandr Lukaşewiç şübhelenýänleriň içalyçylykda aýyplanmandygyny aýtdy.

“Amerikan tarapyndan gelen düşündirişe görä, aýyplamalar jenaýatçylyk bilen bagly däl we hiç bir razwedka işlerine degişli däl”, diýip Lukaşewiç belledi.

Aleksandr Lukaşewiç şeýle-de Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleriniň orsýet raýatlarynyň tussag edilmegi barada Moskwany talaba laýyk habarly etmänligine aladalanma bildirdi.

“Amerikan häkimiýetleriniň watandaşlarymyzyň tussag edilmegi barada Orsýetiň konsullyk edaralaryny talaba laýyk habarly etmänligi bizde uly soraglary döredýär. Häzirki wagtda Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy we Hýustondaky baş konsulhanasy tussag edilen ähli orsýetliler bilen duşuşyk geçirmäge synanyşýar”, diýip Likaşewiç belledi.

Aýyplanýanlar

Hepdäniň çarşenbe güni federal prokurorlar ösen tehnologiýalaryň söwdasyna gatnaşmakda şübhelenýän adamlaryň biriniň Gazagystanda doglan Orsýetiň we ABŞ-nyň passportlaryna eýe bolan Aleksandr Fişenkodygyny aýtdylar.

Olar Hýuston, Tehas elektronik kompaniýasynyň eýesi bolan Fişenkonyň Birleşen Ştatlarda Orsyýetiň hökümetiniň hasaba alynmadyk agenti hökmünde hereket edýändigini aýtdylar.

Prokurorlar Fişenkonyň we kompaniýanyň birnäçe işgäriniň eksport boýunça federal dokumentlerini galplaşdyrandygyny we alyp barýan işiniň hakyky maksadyny ýaşyrandygyny bellediler.

Birleşen Ştatlaryň kanuny goraýjy resmileri Fişenkonyň we onuň ýedi sany kärdeşiniň amerikan häkimiýetleri tarapyndan tussag astyna alynandyklaryny aýtdylar. Resmileriň sözlerine görä, aýyplama ýöňkelen ýene üç adam häzir Orsýetde ýerleşýär.

Fişenkonyň we ýedi adamyň aýyplanmagy bilen bagly işe penşenbe güni Hýustonyň federal sudunda garalmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG