Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan suw meselesinde Türkmenistandan nämä garaşýar?


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri G.Berdimuhammedow (çepde) we Yslam Karimow (sagda)
Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri G.Berdimuhammedow (çepde) we Yslam Karimow (sagda)
Merkezi Aziýada suw resurslaryndan peýdalanylyşy region döwletleriniň arasyndaky iň dawaly meseleleriň biri bolmagyna galýar. Bu mesele ýakyn günlerde Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň arasynda maslahat edildi. Özbek prezidenti Yslam Karimowyň Türkmenistana sapary onuň suwa baý Täjigistany we Gyrgyzystany gidroelektrostansiýalary gurmak planlaryndan el çekdirmek boýunça tagalla edýän döwrüne gabat geldi. Özbegistan bu meselede Türkmenistandan näme isleýär?

Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Umumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan regionlary öwrenýän bölüminiň ýolbaşçysy Artem Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatdaky türkmen-özbek gepleşiklerinde regionda serhetdäki derýalardan peýdalanmak meselesi maslahat edildi. Emma ýurtlaryň resmi pozisiýalary mälim edilmedi. Özbegistan türkmen tarapyndan näme isleýär, diýip pikir edýärsiňiz?

Artem Ulunýan: Özbegistanyň ýolbaşçysy üçin häzir iki döwletiň, ýagny Türkmenistanyň we Gazagystanyň goldawyna eýe bolmak möhüm. Sebäbi Täjigistan we Gyrgyzystan regionyň esasy suw çeşmelerine gözegçilik edýärkä, Daşkent Türkmenistan bilen Gazagystanyň goldawyna daýanyp, Duşenbe bilen Bişkegiň pozisiýasyny gowşatmak isleýär.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Özbegistanyň prezidenti Gazagystana sapar edipdi, emma suw meselesinde açyk goldaw alyp bilmändi. Siziň pikiriňizçe Karimow Türkmenistandan goldaw tapdymy?

Artem Ulunýan: Gazagystan we Türkmenistan suw meselesinde Özbegistany goldamaýarlar, diýip bolmaz. Emma olar goldaw bildirýän hem bolsalar, muny açyk mälim etmeýärler. Sebäbi olar biriniň tarapynda açyk çykyş etmekden saklanýarlar. Praktiki taýdan suw meselesiniň ýurtlar üçin uly ähmiýetiniň bardygyna garamazdan, ýurtlar oňa Merkezi Aziýanyň çägindäki beýleki bähbitleri nukdaý nazaryndan barlyşykly çemeleşmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýurtlaryň açyk goldaw bildirmeklerine näme päsgel berýär?

Artem Ulunýan: Problema Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşkentiň syýasatyna seresaplylyk bilen çemeleşýändiklerine degişli. Ilkinji nobatda bu Özbegistanyň daşary syýasatynda we goranmak syýasatynda Ýewroatlantik uguryny güýçlendirip başlandygyna degişli. Häzirki ýagdaýda Özbegistanyň region derejesindäki pozisiýasynyň güýçlenmegi Türkmenistanyňam, Gazagystanyňam göwnünden turmaýar. Häzirki wagtda suw meselesine-de regiondaky beýleki meseleleriň düzüminde garalýar. Üstesine, bu ýurtlar Gazagystan we Gyrgyzystan bilen gatnaşyklaryny bozmak islemeýärler. Meniň pikirimçe, bu meselede Türkmenistan öz bitaraplyk statusyna daýanyp, hiç bir problemada ol ýa beýleki ýurduň tarapynda çykyş etmejek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Özbegistan suwa baý Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň gidroelektrostansiýalary gurmak planlaryna garşy çykyş edýär. Daşkentiň bu pozisiýasy Türkmenistanyň bähbitlerine näderejede gabat gelýär?

Artem Ulunýan: Meseläni ikä bölmeli. Birinjiden, Özbegistan we Türkmenistan öz giňişligine has köp suwuň gelmegini isleýärler. Emma başga bir tarapdan, Türkmenistan gidroelektrostansiýalaryň gurluşygynyň Täjigistan we Gyrgyzystan üçin energiýa üpjünçiligi taýdan zerurdygyna göz ýetirýär. Bu ýurtlarda energiýa üpjünçiligi meselesi olaryň syýasy taýdan durnuklylygyna hem täsir ýetirýär. Şeýlelikde, Aşgabat üçin suw wajyp mesele bolsa-da, ol goňşularynyň syýasy taýdan durnukly bolup galmagyna hem uly gyzyklanma bildirýär.

Azatlyk Radiosy: Bu meselä çözgüt tapmakda Türkmenistanyň roly nähili bolup biler?

Artem Ulunýan: Özbegistan we Türkmenistan meselem Täjigistany öz energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek barada, ýagny özara energiýa söwdasy barada Duşenbe bilen ylalaşyp bilerdi. Emma şeýle ýagdaýda Daşkent Täjigistan baradaky häzirki syýasy pozisiýasyny üýtgetmeli bolar.
XS
SM
MD
LG