Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Pakistan bilen hyzmatdaşlyklary ösdürmek isleýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Pakistana sapary dowam edýär. Ol özüniň bu saparynyň barşynda Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar, premýer-ministri Raja Parwaz Aşraf we prezidenti Asif Ali Zardari dagylar gepleşik geçirdi.

Geçen aý Moskwa bilen Yslamabat Pakistanyň ýangyç-energetika, transport, oba hojalygy we telekommunikasiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça proýektlerine Orsýetiň gatnaşmagy baradaky ylalaşyga gol çekipdiler.

Mundan daşary, Orsýet bu ýurduň Karaçi şäherinde Sowet Soýuzynyň ýardamy bilen gurlan metallurgiýa kompleksini modernleşdirmek işlerine-de gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa Pakistanyň harby güýçleriniň Baş ştabynyň komanduýuşisi general Aşfak Parwaz Kaýani şu hepde Orsýete sapar edýär.
XS
SM
MD
LG