Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow daşary ýurt resmileri bilen gepleşik geçirdi


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Orsýetiň Döwlet Dumasynyň GDA döwletleri boýunça işleri hem-de watandaşlar bilen aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Leonid Sluski hem-de Döwlet Dumasynyň başlygynyň geňeşçisi Mihail Krotow bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Şeýle-de, prezident G.Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubowy hem kabul etdi.

Ýagub Eýýubow iki ýurduň hökümetara toparynyň üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýörite delegasiýa ýolbaşçylyk edip, Aşgabada barypdy.

Mundan daşary, penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili Saber Azami bilen-de duşuşdy.
XS
SM
MD
LG