Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň sudy ABŞ-da döredilen filmi gadagan etdi


Penşenbe güni Gazagystanyň Astana şäheriniň raýon sudy Birleşen Ştatlarda musulman dini barada döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme ekstremistik film hökmünde baha berip, onuň Gazagystanyň territoriýasynda görkezilmeli däldigi barada karar çykardy.

Gazagystanyň sudy bu meselä Astana şäheriniň prokurorynyň haýyşy esasynda garady. Gazagystanyň Dini işleri boýunça edarasy bu filmiň hakykatdanam musulmanlaryň mertebesini kemsidýändigini aýdyp, suduň çykaran bu kararyny doly goldaýandygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlarda döredilen bu filmde Muhammet pygamber heleýbaz we çagalara jynsy taýdan el gatyjy hökmünde suratlandyrylýar. Bu film eýýäm dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda, Orsýetde-de gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG