Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: “Ata-žurt” partiýasynyň liderleri tussag edildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy “Ata-žurt” partiýasynyň liderlerinden üçüsiniň güýç bilen häkimiýeti agdarmak synanyşygynda aýyplanyp, tussag edilendiklerini habar berdi.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni müň töweregi protestçi parlamentiň howlusyna girip, onuň binasyna girmäge synanyşanda, olaryň öňüne polisiýa güýçleri böwet bolupdy.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy “Ata-žurt” partiýasynyň liderleri Kamçybek Taşiýewiň, Sadyr Japarowyň we Talant Mamytowyň protestçileriň parlamente hüjüm etmeklerine meçew berendiklerini aýdýar.

Çarşenbe güni partiýanyň liderlerinden biri Kamçybek Taşiýew protestçileriň öňünde eden çykyşynda protestçileriň ýurduň hökümetini agdarmalydygy barada açyk çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG