Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýanyň territoriýasyna gaýtawul oklaryny atdy


Türkiýäniň harby güýçleri Siriýanyň içinden atylan çarşenbe günki artilleriýa oklaryna jogap edip, penşenbe güni Siriýanyň käbir nokatlaryna garşy artilleriýa oklaryny atdy.

Şondan bir gün öň Siriýanyň içinden Türkiýäniň serhet ýakalaryna atylan artilleriýa oklaryndan Türkiýäniň bäş sany raýaty ölüpdi.

Türkiýäniň NTV telewideniýesi ýurduň harby güýçleriniň muňa jogap edip amala aşyran artilleriýa hüjümlerinde Siriýanyň serhet ýakadaky bir harby bölüminiň nyşana alnandygyny habar berdi.

Bu wakalar bilen bir wagtda penşenbe güni Türkiýäniň parlamenti ýurduň goşunlarynyň Siriýanyň territoriýasynda harby operasiýalary geçirmegine rugsat beriji kanunyň proýektini tassyklady.
XS
SM
MD
LG