Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-daky gizlin işlere öz dahylynyň ýokdugyny aýdýar


Penşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri Birleşen Ştatlardan Orsýete çylşyrymly elektron tehnologiýasyna degişli enjamlaryň böleklerini ugratmak bilen meşgullanan adamlaryň hatarynda Orsýetiň razwedka işgärleriniň ýokdugyny mälim etdi.

Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prokuraturasy şeýle bikanun iş bilen meşgullananlykda aýyplanyp 11 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bu işiň “jenaýatçylykly häsiýete eýedigini we munuň gizlin gulluklar bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny” tekrarlady.

ABŞ-nyň prokuraturasy gizlin ýollar bilen Orsýete ugradylan mikro-elektron enjamlaryň Birleşen Ştatlarda harby radar we gözegçilik sistemasynda ulanylýandygyna görä, ol enjamlaryň döwlet tarapyndan goralyp saklanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG