Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaňlan diýarym” konkursynyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy


Çarşenbe güni Aşgabadyň Mukamlar köşgünde “Ýaňlan diýarym” atly aýdym-saz konkursynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Şeýle aýdym-saz konkursyny her ýyl geçirmeklik soňky ýyllar Türkmenstanda özboluşly bir däbe öwrüldi.

Çarşenbe güni geçirilen jemleýji bäsleşikde jýuri topary in zehinli çeper höwesjeňleri kesgitledi. Bu dabaranyň soňunda prezidentiň permany bilen konkursyň ýeňijileriniň her birine 500 dollar möçberinde baýraklar gowşuryldy.

Bu konkursda durli kärdäki we durli ýaşdaky howesjenler çeper okaýyşlyklar, aýdym aýtmak we tans etmek ýaly dürli žanrlar boýunça özara bäsleşdiler.
XS
SM
MD
LG