Sepleriň elýeterliligi

Lebapda okuwçylar köpçülikleýin işledilýär


TurkmenTürkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

TurkmenTürkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

Lebap welaýatynyň etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary köpçülikleýin işledilýär. Şu günler çagalaryň, esasan, mekdebe degişli meýdanlarda, seýrek bolsa-da, mellek ýerlerinde-de işledilýändiklerini görmek bolýar.

Ýerli synçylaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanda çaga zähmetiniň gadagandygyna garamazdan, çagalaryň aç-açan dürli işlerde işledilmegine kanuny goraýjy edaralar tarapyndan hiç hili reaksiýa bildirilmeýär.

“Türkmenistanda adamlary mugt zähmete çekmek tejribesi indi adaty ýagdaýa öwrüldi. Muňa ýurduň ähli künjeklerinde göz ýetirilip bolýar. Bu ýagdaý çaga zähmetini ulanmak babatda-da şeýle” diýip, Galkynyş etrabynyň mekdepleriniň biriniň mugallymy efirde adynyň tutulmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

Onuň bellemegine görä, bu ýagdaý, esasanam, Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen miras galypdyr we şu günler hem dowam edýär.

“Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda gurlan hem-de şu günler gurulýan mekdepleriň ählisinde sport meýdançalary, bag ekilýän meýdanlar bar. Mekdep okuwçylary şol meýdanlarda işledilýär. Ýöne klas otaglarynyň remont işlerine-de, mekdebe degişli gurluşyk işlerine-de okuwçylaryň çekilýän halatlary bar” diýip, ol aýdýar.

Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde zähmet sapaklary bar. Ol zähmet sapaklarynda oglanlara agaç ussaçylygy, gyzlara tikin tikmek, nahar bişirmek ýaly durmuşda zerur bolan el hünärleri öwredilýär. Ýöne käbir mekdep okuwçylary özleriniň ol sapaklarda başga işlerde işledilýändiklerini aýdýarlar.

“Ýakynda mekdebimiziň garawulhanasyny ýykyp, ony başga ýerden gurdular. Yzly-yzyna gelýän iki zähmet sapagynda şol jaýyň kerpiçlerini daşadyk. Şeýdip, garawulhananyň ähli kerpiçlerini okuwçylar elleri bilen jaýyň täze guruljak ýerine daşadylar” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 6-njy klas okuwçysy Myrat gürrüň berýär.

Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

Türkmenabat şäherinde mekdep okuwçylary işledilýär.

1-nji orta mekdebi 2000-nji ýylda tamamlan Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy Serdar bolsa öz okan döwründe hepdäniň bir güni tutuşlygyna 6 sagatdan ybarat bolan hünär öwreniş sapagynyň bolandygyny, ol sapaklarda hünär öwrenmegiň deregine, dürli işlerde işländigini, ondan başga-da bedenterbiýe sapaklarynda-da mugallymlaryň öýleriniň işlerini edendigini ýatlaýar.

“Men 4-nji klasdakam 1-nji mekdebiň täze jaýyna göçdük we men tä okuwy gutarýançam täze mekdebiň kem-käsini bejerdik, baglaryny ekdik, ýerlerini tekizledik, garaz mekdebiň daş töweregini abatladyk” diýip, Garaşsyzlyk etrabyndan Serdar gürrüň berýär.

Serdaryň aýtmagyna görä, şu günler ulanmaga berilýän mekdepleriň ýagdaýlary-da şeýle – täze mekdepleriň kem-käsini bejermekde, daş töweregini abadanlaşdyrmakda ýene okuwçylar ulanylýar.

Hepdäniň tutuş bir okuw güni hünär öwreniş sapaklary indi gysgaldylyp, olaryň iki sagada getirilendigine garamazdan, okuwçylar esasy okuwlaryndan soň ýowar bahanasy bilen ýene işlemäge çagyrylýandyklaryny, eger ýüz öwürseler okuw bahalaryny peseljekdiklerini aýdyp, mugallymlaryň haýbat atýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistan BMG-niň çaga zähmetine garşy konwensiýasyna gol goýan ýurtlardan biridir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG