Sepleriň elýeterliligi

BMG Türkiýä urlan minomet zarbasyny ýazgarýar


"Geňeşiň agzalary halkara kanunçylygynyň beýle bozulmalarynyň derhal bes edilmegini talap etdiler" diýip, Howpsuzlyk geňeşiniň prezidenti Gert Rozental aýtdy.

"Geňeşiň agzalary halkara kanunçylygynyň beýle bozulmalarynyň derhal bes edilmegini talap etdiler" diýip, Howpsuzlyk geňeşiniň prezidenti Gert Rozental aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýadan Türkiýä urlan we bäş adamy öldüren minomet zarbasyny berk ýazgardy.

Gwatemalanyň BMG-däki ilçisi Gert Rozental häzir BMG-niň 15 agzaly Howpsuzlyk geňeşine prezidentlik edýär, ol halkara kanunlarynyň munuň ýaly bozulmasynyň derhal bes edilmegini we gaýtalanylmazlygyny talap etdi.

“Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bu hadysanyň Siriýadaky krizisiň onuň goňşularynyň howpsuzlygyna, sebitdäki parahatçylyga hem durnuklylyga örän uly täsiriniň bardygyny görkezendigini nygtadylar. Geňeşiň agzalary halkara kanunçylygynyň beýle bozulmalarynyň derhal bes edilmegini we beýle zadyň indi gaýtalanmazlygyny talap etdiler" diýip, Rozental aýtdy.

Şeýle-de ol Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň Siriýanyň hökümetini goňşularynyň özygtyýarlylygyny we toprak bitewiligini doly hormatlamaga çagyrandyklarryny, asudalyga çagyrandyklaryny sözüne goşdy.

Minomet hüjümi üçünji gün edildi we Türkiýe oňa dördünji gün, Siriýanyň içindäki nyşanalara zarba urmak bilen jogap berdi.

Bu zarbadan Siriýanyň ýedi esgeriniň ölendigi aýdylýar.

Türkiýäniň premiýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan (S) Eýranyň wise-prezidenti Mohammad Reza Rahimi bilen duşuşýar. Ankara, 4-nji oktýabr, 2012.

Türkiýäniň premiýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan (S) Eýranyň wise-prezidenti Mohammad Reza Rahimi bilen duşuşýar. Ankara, 4-nji oktýabr, 2012.

Dördünji gün parlament Ankarada Türkiýäniň serhetden daşardaky harby herketlerine ygtyýar berenden soň, Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan öz hökümetiniň uruş islemeýändigini aýtdy.

Erdogan bu beýanaty dördünji gün, Eýranyň Türkiýä sapara gelen wise-prezidenti Mohammad Reza Rahimi bilen gatnaşan metbugat ýygnagynda etdi:

“Türkiýe sebitde parahatçylyk we diňe parahatçylyk isleýär, şonuň ýaly-da howpsuzlyk isleýär. Biziň aladamyz şundan ybarat. Biz uruş islemeýäris we hiç haçan islemeris. Urşuň netijesi Yrakdan, Owganystandan hem görnüp dur. Şeýle-de biz Siriýanyň bir ýarym ýyl içinde çeken zyýanynydan habarly” diýip, Erdogan aýtdy.

Erdogan parlamentiň beren ygtýarynyň diňe öňüni alyş maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkiýäniň jogabynyň ýerlikli we laýyk bolandygyny aýtdy.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi öz hökümetiniň Türkiýe bilen aralykdaky zorlugy ulaltmaga çalyşmaýandygyny we gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamak isleýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG