Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk geňeşi Türkiýä ýaragly hüjüm edilmegini ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýanyň territoriýasyndan Türkiýäniň serhet ýakalaryna edilen artilleriýa hüjümini berk ýazgardy. Çarşenbe güni atylan bu artilleriýa oklaryndan bäş adam öldi.

Howpsuzlyk geňeşiniň penşenbe güni giçlik ýaýradan beýanatynda Siriýadaky konflikt goňşy döwletleriň asudalygyna howp abandyrýar diýlip bellenilýär.

Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary “halkara hukugynyň şeýle bozulmalarynyň dessine bes edilmelidigini we onuň gaýtalanmaly däldigini” talap etdiler.

Türkiýäniň harby güýçleri Siriýanyň içinden atylan artilleriýa oklaryna jogap edip, penşenbe güni Siriýanyň käbir nokatlaryna garşy artilleriýa oklaryny atdy. Bu hüjümde Siriýanyň ýedi esgeriniň öldürilendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkiýäniň bu jogabyna “ýerlikli we laýyk” diýip baha berdi.
XS
SM
MD
LG