Sepleriň elýeterliligi

“Musulman doganlygy” Iordaniýada protest ýörişini geçirýär


“Musulman doganlygy” Iordaniýanyň paýtagty Ammanda anna güni konstitusion reformalary talap edip, demonstrasiýa geçirdiler. Demonstrasiýa gatnaşyjylar ýurdy dolandyrýan monarhiýanyň reformalary haýal amala aşyrýandygyny aýdýarlar.

Bu demonstrasiýa müňlerçe iordaniýaly gatnaşdy. “Musulman doganlygy” bu ýörişin “Arap bahary” başlaly bäri Iordaniýada geçirilen iň uly demonstrasiýa bolandygyny aýdýar.

Protestçiler ýurduň premýer-ministriniň patyşa tarapyndan bellenilmän, saýlawlar arkaly saýlanmalydygyny öňe sürýärler.

Mundan bir gün öň, penşenbe güni Iordaniýanyň patyşasy Abdylla ýurduň parlamentini dargatdy we wagtyndan ir parlament saýlawlaryny geçirmek barada karara gol çekdi. Saýlawlaryň geçiriljek wagty häzirlikçe belli edilmedi.
XS
SM
MD
LG