Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat BMG-niň bosgunlar boýunça edarasy bilen gepleşik geçirýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň regional wekili Saber Azam hem-de bu edaranyň Türkmenistandaky wekili Milagros Leýnes bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, Saber Azam Türkmenistana iş sapary bilen barypdyr.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň bosgunlar boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň arasynda uzak möhletli hyzmatdaşlyk, hususanda ynsanperwer ugry boýunça meseleler maslahat edildi.

Şol bir wagtyň özünde synçylar Türkmenistana ömürlik ýaşamaga gelýän daşary ýurtly raýatlaryň ýurt içinde degişli dokumentleri almaklary üçin dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG