Sepleriň elýeterliligi

Nurmuhammedow neşekeşlikde aýyplanyp tussag edildi


Türkmen hökümetiniň tankytçysy ozalky hökümet resmisi Geldimyrat Nurmuhammedowyň penşenbe güni Aşgabatda tussag edilendigi habar berilýär. 59 ýaşly Nurmuhammedow 1992-1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri wezipesinde işläpdi.

Nurmuhammedowyň garyndaşynyň ynamdar çeşmä aýtmagyna görä, ol neşe ulanmakda aýyplanypdyr. Ýerli çeşme onuň şu gün sagat 13.00-da Daşoguzdaky neşe goýdurylýan hassahana alnyp gidiljegini habar berdi. Ozalky ministriň şol hassahanada alty aý saklanjagy aýdylýar.

Türkmenistanda neşekeşlik resmi taýdan jogapkärçilige çekilýär.

Geçen ýyl Geldimyrat Nurmuhammedow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen hökümetiniň häzirki syýasatyny berk tankyt etdi. Şol tankydy çykyşdan soň, 16-njy dekabrda onuň Aşgabatda ýerleşýän hususy firmasy, salgyt tölemekden gaçalak edenligi üçin diýlip, ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG