Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň iň esasy eksporty: Geýdar Aliýew


Meksiko Siti şäherinde awgust aýynda Aliýewiň bedeniniň ululygynda onuň bürünçden heýkeli oturdyldy.

Meksiko Siti şäherinde awgust aýynda Aliýewiň bedeniniň ululygynda onuň bürünçden heýkeli oturdyldy.

Şahsyýet kulty yzygiderli ösýän Azerbaýjanyň öňki lideri Geýdar Aliýewiň watanynda onuň heýkellerini görmeklik adaty zat. Soňky on ýyllygyň dowamynda bolsa Aliýewe edilýän sylag hormat Belgraddan Kaire, ondanam tä Meksiko şäherine çenli dünýäň ähli künjeginde garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolýar.

Geýdar Aliýewiň dünýädäki heýkellerini çintgäp yzarlaýan Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň taýýarlan interaktiw kartasyna göz gezdireliň.



Geýdar Aliýewiň daşary ýurtdaky ilkinji heýkeli diýlip, 2001-nji ýylda Türkiýäniň Kars şäherinde özüniň gatnaşmagynda açylan ýadygärligi hasaplanylýar. Geýdar Aliýew şol ýadygärlik açylandan iki ýyl soň aradan çykdy.

Täzelikde gurulýan Azerbaýjan-Meksika dostluk gatnaşyklarynyň şanyna Meksiko Siti şäherinde awgust aýynda Aliýewiň bedeniniň ululygynda onuň bürünçden heýkeli oturdyldy. Bu ýagdaý şäheriň ýaşaýjylaryny ikirjiňlendirdi. Şeýle hem Meksikodaky Reforma bulwarynyň ugrunda Mahatma Gandi we beýleki halk gahrymanlary bilen bir hatarda özüniň 10 ýyllyk prezdentlik döwründe bir topar ýüregedüşgünç düşünişmezliklere sebäp bolandygy nygtaýan, diýdimzorlugy bilen giňden tanalan ýurt baştutanynyň heýkeliniň oturdylmagy adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň arasynda närazylyklara we nägileliklere sebäp boldy.

Geçen hepde onlarça protestçi heýkeliň ýanynda ýygnandylar. Olaryň arasynda Huffington Post websaýtynda makalasy neşir edilen adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Homero Aridjis hem bardy. Ol öz makalasynda: “Bu ýagdaý, hamana, Marsdan bir diktatoryň getirdilmegi ýaly bir zat. Näme biz ölen diktatorlaryň ýadygärlikleriniň merkezi bolmalymy? Indiki kim? Gitlermi? Stalinmi?”

BBC-niň habar bermegine görä ýadygärligiň deňinden geçýän adamlaryň aglaba bölegi Aliýew barada hiç haçan eşidip görmedigem bolsalar, olar parkyň estetiki keşbini öwýärmişler.

Azerbaýjan gurluşygy 5 million amerikan dollaryna barabar bolan iki sany parkyň we täze iki sany heýkeliň çykdajysynyň köp bölegini özi beripdir. Matam tutýan aýaly şekillendirýän ikinji heýkel hem Azerbaýjanyň ýene bir beýleki gapma-garşylykly taryhyndan alnypdyr. Heýkeliň 1992-nji ýylyň fewral aýynda Daglyk-Garabagdaky uruşda Hojalyda öldürilen ýüzlerçe bigünä azerbaýjanla goýulmaly hormaty aňladýandygy çaklanylýar.

Heýkeliň açylyş dabarasynda Meksiko Siti şäheriniň häkimi Marselo Ebrard şäheriň şu wagta çenli daşary ýurtdan şeýle köp mukdarda maýa goýumyny alyp görmänligini belläp, Azerbaýjana öz minnetdarlygyny bildirdi.

Parklaryň Sowet Soýuzy darganyndan soň Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletleriň biri bolan Meksika bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary has hem ysnyşdyrar diýip, ilçi Ilgar Muhtarow belledi. Muhtarowyň pikirine görä, meksikalylar Geýdar Aliýewiň 1981-nji ýylda bu ýurduň paýtagtyna eden saparyny mähir bilen ýatlaýarlar. Şeýle-de ilçi Sowet Soýuzy darganyndan soň Meksikanyň Azerbaýjanyň garaşsylygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar edenligini aýratyn nygtady.

Gapma-garşylykly pikirlere garamazdan, heýkel bu golaýda esasy bulwardan aýrylmajak ýaly. Şäheriň ýaşaýyjylary hem öňünde “Watana bagyş edilen ömür, dünýä parahatçylygynyň umumyadamzat pikirlerine wepaly deňsiz nusgalyk” diýen ýazygly heýkeliň ýayndan geçer durarlar.
XS
SM
MD
LG