Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýadan atylan ýene bir minomýot okuna gaýtawul berdi


Türk esgerleri Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale obasynyň golaýyndaky Türkiýe-Siriýa serhedinde, 5-nji oktýabr.
Türk esgerleri Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale obasynyň golaýyndaky Türkiýe-Siriýa serhedinde, 5-nji oktýabr.
Siriýadan atylan başga bir minomýot oky ýene Türkiýäniň territoriýasyna düşdi, Türkiýe muňa artilleriýadan ot açmak bilen jogap berdi.

Döwlet eýeçiligindäki "Anadolu" agentligi Siriýanyň Idlib welaýatynda prezident Başar al-Assadyň režiminiň güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýän mahaly atylan minomýot okunyň Güwejji obasynyň golaýyna düşendigini habar berdi.

Minomýot zarbasyndan ölen ýa-da ýaralanan ýok.

Agentlik Güwejji obasynyň golaýyndaky türk harbylarynyň şol bada "garşylyklaýyn ot açmak" bilen gaýtawul berendigini aýtdy.

3-nji oktýabrda Siriýadan atylan minomýot oky Türkiýäniň serhetýaka obasyna düşüp, bäş adamyň ölümine sebäp bolany bäri, türk artilleriýasy Siriýadan atylýan oklara gaýtawul berip gelýär.

Söweşden "daşda däl"

Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan 5-nji oktýabrda çykyş edip, Türkiýäniň öňüni alyş ukybyny barlap görmezlik barada Siriýa ýene duýduryş berdi.

"Türkiýäniň öňüni alyş güýjüni, berkararlygyny, ukybyny barlap görmäge synanyşýanlar örän howply ýalňyşlyk goýberýärler" diýip, Erdogan aýtdy.

Premýer-ministr Erdogan NATO agzasy Türkiýäniň Siriýa bilen söweşden "daşda däldigini" hem sözüne goşdy.

"Biz söweş bilen gyzyklanmaýarys, ýöne ondan daşda hem däl" diýip, ol aýtdy.

Soňky ok atyşlyk iki tarapyň dartgynlylygy gowşatmaga synanyşýan pursatyna gabat geldi. 5-nji oktýabrda Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Siriýanyň öz serhet ýakalaryndan tanklary we beýleki harby enjamlary aýyrýandygny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG