Sepleriň elýeterliligi

HRW Türkmenistan barada çagyryşly beýanat etdi


“Human Rights Watch” guramasy: “Türkmenistanyň türmeleri syýasy tussaglardan hyň berýär..."

“Human Rights Watch” guramasy: “Türkmenistanyň türmeleri syýasy tussaglardan hyň berýär..."

Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy Şweýsariýanyň prezidenti Ewelin Widmer-Şlumpfy Türkmenistanyň prezidenti bilen geçirjek gepleşiklerinde Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly meseleleri gozgamaklyga çagyrypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda iş sapary bilen Şweýsariýa barmaklygy planlaşdyrýar. Bu saparyň barşynda onuň Şweýsariýanyň federal kansleri Ýohann Şneýder-Ammann bilen-de duşuşjakdygy habar berilýär.

“Human Rights Watch” guramasy bu waka bilen baglanyşykly ýaýradan ýörite beýanatynda Şweýsariýanyň döwlet liderleriniň bu seýrek mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen prezidenti bilen duşuşyklarynda Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýlaryna ünsi çekmelidiklerini nygtapdyr.

Bu gurama öz beýanatynda Türkmenistanyň henizem ynsan hukuklary boýunça daşary ýurtly garaşsyz synçylaryň gözegçilik işlerine ýol bermeýändigini belläpdir.

“Human Rights Watch” guramasy: “Türkmenistanyň türmeleri syýasy tussaglardan hyň berýär, şeýle hem söz, ýygnak, hereket we dini azatlyklar çakdanaşa berk çäklendirmeleriň astynda ýerleşýär. Garaşsyz raýat jemgyýetine degişli toparlar we media bu ýurtda açyk işläp bilmeýär, asla işlemeýär diýen ýaly. Hökümet öz syýasatyny sorag astyna alýanlary ýanamalara sezewar edýär ýa-da tussag edýär” diýip, öz beýanatynda belleýär.

“Human Rights Watch” guramasy Şweýsariýanyň häkimiýetlerine gönükdirilen bu beýanatynda Türkmenistanyň öz adam hukuklary boýunça alada dörediji görkezijileri sebäpli soňky ýyllar Birleşen Milletler Guramasynyň-da çynlakaý tankytlaryna sezewar bolup gelýändigini ýatlapdyr.

Beýanatda şu ýylyň mart aýynda BMG-niň ynsan hukuklary boýunça Komitetiniň türkmen hökümetiniň adam hukuklary, söz azatlygy we raýat jemgyýeti boýunça alyp barýan syýasatyna örän tankydy baha berendigi-de aýratyn bellenilip geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG