Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Abu Hamzany Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etdi


Şenbe güni dini ekstremizmde aýyplanýan musulman ruhanysy Abu Hamza uzak sud proseslerinden soň Britaniýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi. Şol gün hem ol Birleşen Ştatalara baryp düşdi.

Bu wakanyň öňýany, anna güni Britaniýanyň Ýokary sudy onuň Britaniýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegine rugsat beriji gutarnykly höküm çykardy.

Mundan ozal Abu Hamzanyň işi bilen baglanyşykly meselä Strasburgyň ynsan hukuklary boýunça ýörite sudunda-da garaldy we sud onuň şikaýatyny ret etdi. Asly müsürli Abu Hamza 2004-nji ýylda terrorizme dahyllylykda aýyplanyp, Britaniýada tussag astyna alnypdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ony Al-Kaýdanyň işine ýardam bermekde, adam ogurlyklaryna dahyllykda hem-de Birleşen Ştatlaryň territoriýasynda ekstremistlere tälim berýän lager açmak planlarynda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG