Sepleriň elýeterliligi

Rim papasynyň ozalky kömekçisine 1.5 ýyl tussaglyk berildi


Şenbe güni Watikanyň sudy Rim katolik ybadathanasyna degişli gizlin hatlary we dokumentleri žurnalistlere ýetirenlikde aýyplanýan ozalky ybadathana resmisi Paolo Gabriýeli 1.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Paolo Gabriýeliň özi özüniň bu hereketini Rim katolik ybadathanasyndaky korrupsiýa bilen baglanyşykly problemalara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin eden hereketi hökmünde düşündirýär.

Watikanyň metbugat sekretary Federiko Lombardi şenbe güni bu waka bilen bagly eden çykyşynda Rim papasy Benedikt 16-njynyň Paolo Gabriýeliň günäsini geçmek barada perman çykarmagynyň mümkindigini aýtdy.

Paolo Gabriýel birnäçe ýylyň dowamynda Rim papasynyň ýakyn kömekçisi bolup işläpdi.
XS
SM
MD
LG