Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanyň prezidenti Bakuwy urşa taýýarlanmakda aýyplaýar


Şenbe güni Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda Azerbaýjany Ermenistana garşy uruş hereketlerine taýýarlyk görmekde aýyplady.

Hususan-da, ol Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly dawalar sebäpli Azerbaýjanyň çakdanaşa uly möçberde ýarag toplap, güýçli depginde täze urşa taýýarlyk görýändigini öňe sürdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, prezident Sarkisýan Ermenistanyň bu dawaly meseläni gepleşikler arkaly çözmeklige umyt edýändigini aýtdy.

1990-njy ýyllaryň başlarynda Azerbaýjanyň territoriýasyndaky Daglyk-Garabag regionynyň Ermenistanyň güýçleri tarapyndan kontrollyga alnaly bäri bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG