Sepleriň elýeterliligi

Dörtlemeler


Swesiýada ýaşaýan belli türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2011.

Swesiýada ýaşaýan belli türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2011.

Dörtlemeler

Bäbek dynman gije-gündiz aglasa,
Ulalansoň bagşy bormuş diýýäler.
Ýöne, nämüçindir, atalar köplenç
Ses çykmaýan sallançagy söýýäler.

***

Niräň bir “çokaýy” “Berkeli” boldy,
Mugt üçbürç bukjalar markaly boldy.
Oýun gytmy bu bazygär pelekde:
“Başsyz” galan millet “Arkaly” boldy.

***

Gül ne derkar – hyrydar el ýolmasa,
Senet aglar ussat ele almasa.
Dört diwaryň ne parhy bar türmeden,
Islän wagtyň girip-çykyp bolmasa?

***

Ýol öwretme şopur bilen gedaýa,
Jellatsyrap sütem etme pidaýa.
Bal günüňde dodak çöwrüp asmana,
Kyn günüňde nalyş etme Hudaýa.

***

Tylla çaýylaýsyn onuň daşyna,
Kapas ýene kapaslygna galmazmy?!
Milletiň gözýaşyn çanaklap içen
Öňde-soňda, irde-giçde ganmazmy?!

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG