Sepleriň elýeterliligi

A.Baýry: Bahasyna ýetip bolmajak hazyna


Aşgabatda 7-nji halkara kitap sergisine çykarylan kitaplaryň bir bölegi. Aşgabat, 25-nji sentýabr, 2012.

Aşgabatda 7-nji halkara kitap sergisine çykarylan kitaplaryň bir bölegi. Aşgabat, 25-nji sentýabr, 2012.

24-26-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda 7-nji halkara kitap sergisi geçrildi. Bu sergi türkmen jemgyýetçiliginiň ünsüni ýene bir gezek kitaba hem kitap medeniýetine degişli meselelere çekdi.

Şu günki gün kitap adamzat gymmatlyklarynyň iň möhümlerinden biri saýylýar. Şonuň üçin-de, kitapsyz durmuşy ýa-da kitapsyz öýi göz öňüne getirmek hem kyn.

Häzirki wagtda Türkmenistanda kitabyň gadyr-gymmatynyň belli bir derejede peselendigi aýdylýar. Ýurtdaky kitap söýüjiler täze kitaplaryň azdygyny we bar bolanlarynyň-da bahasynyň aşa gymmatdygyny aýdýarlar.

Kitap, ahyrky netijede, okyjynyň eline gowşan halatynda, ol öz niýetlenilen maksadyna laýyk bolýar. Şeýlelikde, kitabyň satyn alynmagy, iň esasy-da, kitabyň okalmagy möhüm mesele bolup durýar.

Öňräkki döwürlerde adamlarda şahsy kitaphanalar bolup, olar dürli dillerde we dürli temalar boýunça çap edilen kitaplary öz öýlerinde jemleýärdiler. Eýsem, häzirki döwürde bu ugurdaky ýagdaýlar nähili we meselä nähili üns berilýär?

Şu meseleler barada ýazyjy Hudaýberdi Hally aşgabatly şahyr hem garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýry bilen söhbetdeş boldy.

Şu temadan taýýarlanan ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG