Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tibetli raýat Hytaýyň agalygyna protest bildirip, özüni otlady


Ýekşenbe güni habar agentlikleri nobatdaky gezek Tibetiň bir raýatynyň Hytaýyň agalygyna protest bildirip, öz janyna kast edendigini habar berdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Azat Tibet” toparynyň we Azat Aziýa Radiosynyň maglumatyna görä, 27 ýaşly ýaş ýigit şenbe güni Hytaýyň Tibet bilen serhetleşýän regiony bolan Gansu prowinsiýasynda öz-özüni otlap, öz janyna kast edipdir.

“Azat Tibet” topary bu ýigidiň öz janyna kast etmezinden öň Tibetde dil we din azatlygyna ýol berilmelidigi, şeýle hem Tibetiň ruhy lideri Dalaý Lamanyň bosgunlykdan dolanmagyna ýol açylmalydygy barada çykyş edendigini habar berýär.

2009-njy ýyldan bäri Tibetde Hytaýyň agalygyna protest bildirip 50 töweregi adamyň öz-özüni otlandygy we şolardan 40-dan gowragynyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG