Sepleriň elýeterliligi

Sentýabrda Obamanyň kampaniýasyna 181 million dollar goşuldy


Birleşen Ştatlaryň resmileri prezident Barak Obamanyň saýlaw kampaniýasyny alyp baryjylaryň we onuň Demokratik partiýasynyň Obamanyň saýlaw kampaniýasy üçin diňe sentýabr aýynda 181 million dollar pul toplandyklaryny mälim etdiler.

Munuň özi prezidentlik saýlaw kampaniýasynyň barşynda bir aýyň dowamynda toplanan iň köp möçberdäki puldur.

Barak Obama özüniň Twitter arkaly ýaýradan hatynda sentýabr aýynda özüni goldaýjy 1 million 800 müňden gowrak adamyň öz saýlaw kampaniýasy üçin pul ýardamyny berendigini mälim edýär.

Respublikan partiýadan dalaş etjek onuň garşydaşy Mitt Romni häzirlikçe özüniň sentýabr aýynda näçe pul toplandygy barada çykyş etmedi.
XS
SM
MD
LG