Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelada Çawez dördülenji gezek prezidentlige dalaş edýär


Ýekşenbe güni Wenesuelada geçirilýän prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki prezidenti Hugo Çawez dördülenji tapgyr prezident saýlanmak ugrunda dalaş edýär.

Bu saýlawlarda onuň bäsdeşi bu ýurduň Miranda ştatynyň ozalky gubernatory, 40 ýaşly Henrik Kaprilez. Wenesuelanyň oppozision partiýalarynyň aglabasy Henrik Kaprileziň kandidaturasyny biragyzdan oňlap, ony oppozisiýanyň adyndan dalaşgär hödürlediler.

Ýöne ýurtda geçirilen soňky pikir soraýyşlyklar häzirki döwlet lideri Hugo Çaweziň saýlawçylaryň has uly goldawyndan peýdalanýandygyny görkezýär.

Hugo Çawez Wenesuela 1999-njy ýyldan bäri liderlik edip gelýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar ony öz tankytçylaryna garşy repressiw metodlary ulanmakda tankytlap gelýärler.
XS
SM
MD
LG