Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň güýçleri protestçileri serhetýaka regiona goýbermedi


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri şu gün Amerikan uçarlarynyň hüjümlerine protest bildirýän protestçileri Günorta Weziristan regionyna goýbermediler.

Bu protest ýörişi şenbe güni pakistanly oppozision syýasatçy we kriket boýunça ozalky sport ýyldyzy Imran Khanyň ýolbaşçylygynda paýtagt Yslamabatda başlandy.

Protestçiler ýüzlerçe ulagda 400 kilometre golaý ýol geçip, öz protestlerini Günorta Weziristan regionynda geçirmek islediler. Emma bu regionyň serhetlerine golaý ýerde howpsuzlyk güýçleri protestçileriň öňüne böwet bolup, olary bu regionyň territoriýasyna goýbermedi.

Şondan soň Imran Khan bu protestiň şol ýerden 15 kilometrlikde ýerleşýän Tank şäherinde dowam etjekdigini yglan etdi.

Amerikan howa hüjümlerine garşy gurnalan bu ýörişe azyndan 10 müň töweregi adamyň, şol sanda amerikaly aktiwistleriň-de bir toparynyň gatnaşýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG