Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýanyň territoriýasyna hüjümini dowam etdirýär


Siriýadan atylan snarýad oklaryna jogap edip, Türkiýe indi dördülenji gün Siriýanyň territoriýasyna artilleriýa oklaryny atmagyny dowam etdirýär.

Bu ikitaraplaýyn snarýad oklarynyň atyşygy geçen hepdäniň çarşenbe güni başlandy. Çarşenbe güni Türkiýäniň serhetýaka raýonyna atylan snarýad oklaryndan Türkiýäniň bäş sany parahat ýaşaýjysy ölüpdi.

Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Leon Panetta ýekşenbe güni Waşingtonda eden çykyşynda Siriýadaky ýaragly konfliktleriň bu ýurduň serhetlerinden daşarlara çykmak howpunyň bardygyny aýdyp, duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG