Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Politkowskaýanyň hatyrasy tutulýar


A.Politkowskaýanyň Moskwadaky jaýynyň diwarynda “Şu jaýda Anna Politkowskaýa ýaşapdy we 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda zalymlyk bilen öldürilipdi” diýlip ýazylgy. Moskwa, 7-nji oktýabr, 2012.

A.Politkowskaýanyň Moskwadaky jaýynyň diwarynda “Şu jaýda Anna Politkowskaýa ýaşapdy we 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda zalymlyk bilen öldürilipdi” diýlip ýazylgy. Moskwa, 7-nji oktýabr, 2012.

Ýekşenbe güni orsýetli ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Orsýetiň dürli şäherlerinde žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilmeginiň altynjy ýyl dönümini belläp geçýärler.

“Nowaýa gazetanyň” žurnalisti, Kremliň tankytçysy, 48 ýaşly Anna Politkowskaýa 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwadaky kwartirasynyň girelgesinde atylyp öldürilipdi. Onuň ölümi bilen baglanyşykly jenaýat işi henizem doly çözülmän galýar.

Orsýetden daşarda-da ýatlanylýar

Orsýetden daşarda, käbir beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Fransiýada hereket edýän Rus assosiasiýasy hem Pariždäki “Montreuil” merkezinde Anna Politkowskaýanyň hatyrasyna ýörite konsert çäresini gurnamakçydygyny mälim etdi.

Fransiýadaky bu Rus assosiasiýasynyň koordinatory Alekseý Prokopýew Politkowskaýanyň ölüminiň ýyl dönüminiň öňýany, şenbe güni Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda Pariždäki bu konsertiň temasynyň “Orsýetdäki azatlyk we adam hukuklary” boljakdygyny aýtdy.

“Biziň esasy temamyz ‘Orsýetdäki azatlyk we adam hukuklary’. Biz fransuz jemgyýetçiliginiň ünsüni Orsýetde bolup geçýän häzirki wakalara, häzirki protest hereketleriniň ýokary göterilmesine, bolup geçen uly protest çykyşlaryna çekmek isleýäris. Ýöne häzirki wagt ýurtda täze kanunlar kabul edildi, täze tussag etmeler boldy” diýip, Alekseý Prokopýew belledi.

Anna Politkowskaýanyň ölüminiň ýyl dönümine gabatlap Orsýetiň dürli şäherlerinde, şol sanda Moskwada-da ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler we žurnalistler piket çärelerini gurnadylar. Moskwanyň häkimiýetleri şeýle piketiň geçirilmegine rugsat berdiler.

Jenaýat henizem açylanok

Anna Politkowskaýa, esasan, Orsýetdäki korrupsiýa, Çeçen urşy we Putiniň awtoritar dolandyryşy bilen baglanyşykly ýiti tankydy materiallary bilen tanalýardy.

Onuň janyna kast edilen güni Wladimir Putiniň doglan gününe-de gabat geldi. Putin Politkowskaýanyň ölümi bilen baglanyşykly eden bir çykyşynda onuň Orsýetde alyp baran işiniň “möhüm bir iş däldigini” belläpdi.

Anna Politkowskaýanyň janyna kast edilip öldürilenine indi alty ýylyň geçendigine garamazdan, bu waka bilen baglanyşykly jenaýat derňewi henizem gutarnykly netije berenok. Orsýetiň resmileri derňew işleriniň henizem dowam edýändigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda-da Anna Politkowskaýa ýatlanylyp geçildi. ABŞ-nyň Döwlet departamenti ony “ynsan mertebesini goraýjy” diýip atlandyrdy.

Bu waka bilen baglanyşykly ýaýradan resmi beýanatynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Anna Politkowskaýanyň ölümi bilen Orsýetiň halkynyň “batyrgaýlyk bilen hakykaty sözleýän jarçynyň sesini ýitirendigini” belläpdir.
XS
SM
MD
LG