Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament Türkmenistanda hukuk bozulmalara garaýar


Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada 9-njy oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça kömitetiniň bölüminde diňlenişik geçirilýär.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada 9-njy oktýabrda Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça kömitetiniň bölüminde diňlenişik geçirilýär.

Düýbi Niderlandiýada ýerleşýän “Türkmenistanyň Demokratik graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow hem-de Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada Ýewropa Parlamentiniň adam hukuklary boýunça kömitetiniň bölüminde geçirilýän diňlenişikde çykyş edýärler.

Hukuk goraýjy aktiwistler 9-njy oktýabrda Brýusselde geçirilýän bu diňlenişikde Türkmenistanda hereket azatlygynyň ýagdaýy bilen bagly mesele barada gürrüň ederler diýip, “Uruş we Parahatçylyk maglumatlary instituty” ýazýar.

Türkmenistanda häzire çenli hereket azatlygyny çäklendirýän “gara sanawlaryň” saklanyp galýandygy, žurnalistleriň, häkimiýetler tarapyndan syýasy taýdan ygtybarsyz hasaplanýan aýry pikirdäkileriň ýurda girip-çykmaklarynyň çäklendirilýändigi aýdylýar. Şeýle hem ýurt içinde-de käbir raýatlaryň hereket etmegine gadaganlygyň saklanýandygy hukuk goraýjy aktiwistleriň hasabatlarynda nygtalýar.

Bu meseleleriň Ýewropadaky türkmen hukuk goraýjylar tarapyndan Brýusselde galdyryljakdygy maglumatda bellenilýär.

Diňlenişikde hökümetden aýry guramalaryň (HAG) Türkmenistanda kanuny ýagdaýda iş alyp barmaklaryna rugsat berilmeýändigi barada hem meseläniň orta atyljakdygy aýdylýar.

Farid Tuhbatullin syýasy taýdan ygtybarsyz hasaplanýan adamlaryň garyndaşlarynyň hem “gara sanawa” düşürilýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nygtady.

Tuhbatullin: “Häzirki prezidentiň demokratiýa ugrunda käbir reformalaryň geçirilýändigini yglan etmegine garamazdan garyndaşlary zamun alyp ulanmak tejribesi dowam edip gelýär”.

Şol bir wagtyň özünde resmi Aşgabat Türkmenistanda “gara sanawlary” ret edýär.

Şu ýylyň mart aýynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygynyň doly berjaý edilýändigini aýtdy.

Hajyýew: “Elbetde, şeýle sanaw ýok... Eger daşary çykmaga isleg bar bolsa, ýaşyl ýol”.

14-nji oktýabrda Wýaçeslaw Mamedow bilen Farid Tuhbatullin Peruda geçiriljek “Demokratiýa boýunça dünýä hereketi” atly guramanyň forumynda hem Türkmenistanda hukuk bozulmalar bilen bagly meseleleri galdyrarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG