Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda protestçiler oppozisiýa agzalarynyň boşadylmagyny talap etdiler


Hepdäniň duşenbe güni ýurduň günörtasynda ýerleşýän Jalal-Abad şäherinde azyndan 1 ýarym müň adam protest geçirdi. Olar parlamentiň üç oppozision agzasyny boşatmagy talap etdiler.

Geçen hepdede “Ata-Žurt” partiýanyň liderleri Kamçybek Taşiýew, Sadyr Japarow we Talant Mamytow tussag edilipdi, olar 3-nji oktýabrda Bişkekde 1 müň adamyň gatnaşmagynda bolan zorlukly protest bilen baglylykda jemgyýetde bulaşyklygy döretmekde aýyplandy.

Şonda protestçiler Gyrgyzystanyň Kumtor atly iň uly altyn känini millileşdirmegi talap edipdiler. Bu kän Kanadada ýerleşýän şirketiň eýeçiliginde.

Taşiýew üýşmeleňe goşulyp, hökümeti agdarmaga çagyrypdy. Protestçiler parlamentiň daşyndaki haýaty döwüpdi, poliýsa protestçileri dargadypdy. Üç oppozisiýa wekiliniň tussaglyk möhleti geçen anna güni iki aýa çenli uzaldyldy.
XS
SM
MD
LG