Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Putin “Pussy Riot” pank toparyny we oppozisiýany ýazgardy


Putin “Pussi Riot” pank toparynyň üç agzasynyň özlerine berilen iki ýyl türme möhletine mynasypdygyny aýtdy. Şeýle-de ol tussaglykdaky öňki nebit biznesmeni Mihail Hodorkowskiniň ötünç soramalydygyny belledi. Putin bu barada özüniň 60 ýyllygyna bagyşlanyp, 7-nji oktýabrda telewideniýede görkezilen dokumental filmde aýtdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary şu ýylyň fewral aýynda Moskwanyň baş kilisasynda Putini ýazgaryjy aýdym aýdandyklary üçin türmä höküm edilipdi.

Şeýle-de dokumental filmde Putin oppozisiýanyň häzirki liderleriniň adamlaryň öňüne düşmek üçin “görnükli, gyzykly we düýpli adam” bolmalydyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG