Sepleriň elýeterliligi

Ýapon hem britan alymlary öýjük gözlegleri üçin Nobel aldy


Jon B. Gardon (Ç) we Şinýa Ýamanaka, 2012-nji ýylyň Fiziologiýa ýa medisina boýunça Nobel baýragynyň eýeleri.

Jon B. Gardon (Ç) we Şinýa Ýamanaka, 2012-nji ýylyň Fiziologiýa ýa medisina boýunça Nobel baýragynyň eýeleri.

2012-nji ýylyň Fiziologiýa ýa medisina boýunça Nobel baýragy ýaponiýaly Şinýa Ýamanaka bilen britaniýaly Jon Gardona berilmeli edildi. Olar bu baýraga özleriniň sütünli öýjük baradaky ylmy gözlegleri üçin mynasyp boldular.

Nobel baýraklary baradaky komitetiň Fiziologiýa ýa-da medisina boýunça agzasy Goeran Hansson duşenbe güni Stokgolmdaky Karolinska institutynda şeýle beýanat etdi:

“Karolinska institutynyň Nobel assambleýasy şu gün 2012-nji ýylyň Fiziologiýa ýa-da medisina boýunça Nobel baýragyny, kämil öýjükleri köp potentlä öwürmek üçin gaýtadan programmirläp boljagy barada eden açyşlary üçin, Jon B. Gardon bilen Şinýa Ýamanaka bermeli diýen karara geldi.”

Medisinada rewolýusion öwrülişik

Karolinska institutynyň Nobel assambleýasynyň beýanatynda "bu açyşyň öýjükleriň we organizmleriň nähili ösdürilip bilinjegine düşünmekde rewolýusion öwrülişik" edendigi aýdylýar.

Beýanatda Gardonyň 1962-nji ýylda öýjükleriň ýöriteleşdirilmeginiň dolanyş häsiýetini açandygy aýdylýar.

40 ýyldan gowrak soň, 2006-njy ýylda Şinýa Ýamanaka syçandaky zyýan ýetmedik kämil öýjükleriň köp potentli sütünli öýjüklere öwrülmegi üçin gaýtadan programmirlenip bilinjegini açdy, kämil däl öýjükler bedende islendik görnüşe geçmäge ukyply bolýar.

Institut alymlaryň, adam öýjüklerini gaýtadan programmirlemek bilen, keselleri öwrenmegiň we kesgitlemegiň, bejermegiň täze mümkinçiliklerini döredendiklerini aýtdy.

Sütünli öýjük tehnologiýasy

Häzir Kioto uniwersitetinde işleýän Ýamanaka Ýaponiýada guralan metbugat ýygnagynda "meniň bütin ömrümdäki maksadym şu sütünli öýjük tehnologiýasyny düşegiň gapdalyna, hassa, hassahana getirmek boldy" diýdi.

Häzir Kembrij uniwersitetindäki Gardon institutynda işleýän Gardon bolsa, öz ylmy barlaglaryny uly adamyň öýjüklerinden başlangyç öýjükleri almak usullaryny tapmaga synanyşyk hökmünde häsiýetlendirdi.

“Ahyrky maksat adatça aýratynlykdaky bir adamdan alyp bolýan öýjüklerden başlap ähli görnüşdäki öýjükleriň çalşyrylmagyny üpjün etmek” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

“Mysal üçin, biz deriden ýa gan öýjüklerinden goşmaça ýürek ýa-da beýni öýjüklerini alyp bilmek usullaryna eýe bolmak isleýäris” diýip, Gardon aýtdy.

Medisina baýragy şu ýyl beriljek alty Nobel baýragynyň ilkinjisidir.
XS
SM
MD
LG