Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda hökümetiň täze düzümi teklip edildi


Gürjüstanly Bidzina Iwanişwili täze hökümetiň kandidatlaryny teklip etdi. Onuň “Gürji arzuwy” atly syýasy koalisiýasy geçen hepdäniň saýlawlarynda parlamentdäki 150 ornuň 83-sini eýeläpdi.

Duşenbe güni Iwanişwili içeri işler ministri wezipesine Irakli Garibaşwilini, goranmak ministri wezipesine Irakli Alasaniany, daşary işler ministri wezipesine Maia Panjikidzeni, adalat ministri wezipesine bolsa Tea Tsulukianini teklip etdi. Iwanişwiliniň özi täze hökümete baştutanlyk eder.

Iwanişwili parahatçylyk ýoly bilen çalyşan hökümetiň indi has köp iş edip, hakyky açyk hökümet bolmalydygyny belledi.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen Milli Hereketi” atly syýasy topary oppozisiýa geçýär. Onuň agzalary sekkiz ýylyň dowamynda parlamentde köpçülik bolupdy.

Iwanişwili Gürjüstany NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşdyrmak bilen bilelkde ýurduň goňşy Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmagy hem isleýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG