Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň razwedka gullugynyň öňünde bomba partlamasy boldy


Polisiýanyň maglumatyna görä, Owganystanyň günorta böleginde bolan bomba partlamasynda razwedka gullugynyň azyndan iki işgäri heläk boldy.

Helmand welaýatynyň polisiýasynyň metbugat wekili Fareed Ahmediň sözlerine görä, bomba Lashkar Gah şäherinde Milli Howpsuzlyk Müdirýetiniň edarasynyň öňünde duran ulagyň içinde goýlupdyr. Ahmet bombanyň duşenbe güni öýlän partlap, razwedka gullugynyň ýene üç işgärini we dört sany graždan adamy ýaralandygyny aýtdy.

Talyban hereketiniň gözegçiligindäki region hasaplanýan Helmand welaýatynda 2009-njy we 2010-njy ýyllarda NATO-nyň we Owgan goşunlarynyň harby operasiýalary geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG