Sepleriň elýeterliligi

Wladimir Putin: sanlar bilen düşündiriş


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 7-nji oktýabrda, şenbe güni, 60 ýaşyny belleýänini köpler bilýändir. Ýöne onuň doglan güni benziniň şol wagtky bahasyny näçe adam bilýärkä? Ýa-da onuň golastyndaky uçarlaryň, dikuçarlaryň sanyny kim bilýär? Ýa-da bolmasa, oňa doglan gününde näçe sapar sowgatlyk çaga gaplaň berlenini näçämiz bilýäris?

1 – 2008-nji ýylda Putiniň doglan güni oňa sowgat edilen we seýrek duş gelýän gaplaň çagasynyň sany. Putin özüne ony kimleriň berendigini mälim etmekden saklandy. Ýöne Putiniň tarapdary we onuň hut özüniň bellän çeçen ýolbaşçysynyň näderejede eldeki gaplaňa eýeçilik edýänine buýsanýandygy bilinýän zat.

2.6 – Putiniň doglan ýylyndaky, ýagny 1952-nji ýyldaky, bir barrel ýangyjyň amerikan dollaryndaky bahasy.

6 – Jurnalist Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwada öz ýaşaýan jaýynyň gapysynda atylyp öldürilenden bäri geçen ýyllaryň sany. Ol hem Putiniň 54-nji ýaş toýuna gabat gelýär.

11 – Putin 11 ýaşynda Sambo we Dzýudo öwrenip başlady. Ol Dzýudo boýunça gara guşagyň eýesi.

12 – 2010-njy ýylda Putiniň dogulmagynyň 58-nji ýaş gününi bellemek üçin içki eşikde surata düşen Moskwa Döwlet Uniwersitetinde okaýan gyzlaryň sany.

13 – Putiniň işe başlan ilkinji ýylynda halka getiren durnukly girdeji - salgyt gatnaşygy.

16 – Putiniň KGB-de işlän ýyllarynyň jemi sany. Ol 16 ýylyň bäş ýylyny Gündogar Germaniýanyň Drezden şaherinde geçirdi. 1991-nji ýylda KGB-den resmi ýagdaýda podpolkownik çini bilen pensiýa çykdy we Sankt-Peterburg şäheriniň häkimi - özüniň uniwersitetdäki öňki hukuk professory Anatoliý Sobçagyň orunbasary boldy.

20 – Oppozisiýanyň agzasy Boris Nemtsowyň ýygnan hasabatyna görä Putiniň eýeçilgindäki köşkleriň we daçalaryň sany. Hasabat şu ýylyň başlarynda ýaýradyldy we Putiniň özüniň prezidentligini düşündirmek üçin agzan bir sözüne kakdyryp, hasabat “Gämidäki kürekçi guluň durmuşy” diýip atlandyryldy.

26.1 – 1999 -njy ýylyň dekabr aýynda Orsýetiň ozalky prezidenti Boris Ýeltsiniň işden çykmagy bilen wagtlaýyn ýerine ýetiriji prezident wezipesine geçen Putiniň işe başlan wagtyndaky bir barrel nebitiň amerikan dollaryndaky bahasy.

29 – Häzire çenli Orsýetiň taryhynda ikinji iň başarjaň gimnastikaçy, şeýle hem “Ýedinaýa Rossiýanyň” Döwlet Dumasyndaky wekili Alina Kabaýewanyň ýaşy. Ors mediasynyň giňden ýaýradan we tassyklanmadyk myş-myşlaryna görä, Kabaýewa Putiniň oýnaşydyr.

54 – Putinden aýry ýaşaýan aýaly Lýudmila Putinanyň ýaşy.

58 – Nemtsowyň “Gämidäki kürekçi guluň durmuşy” diýip atlandyran hasabatyna görä prezident Putiniň eýeçilgindäki uçarlaryň we dikuçarlaryň sany.

60 – Putiniň ýaşy.

87.9 – Putiniň 60-njy ýaş gününiň bosagasynda bir barrel nebitiň amerikan dollaryndaky bahasy.

140 – Oppozisiýanyň “Sagbol, Putin, şoň üçin!” şygary bilen meşhurlyga eýe bolan taýýarlykly Twitter toparlanyşygynda ulanylan keşpleriň sany. Munuň dowamynda prezidentiň adyna ýaňsylardan ybarat bolan akym döredildi.

1600 – Oppozisiýanyň prezidente iň “döredijilikli” doglan gün sowgadyny mälim etmegi meýilleşdirýän wagty. Ses berlişik Facebookdaky “Let's Help An Old man Retire” (“Geliň, ýaşula pensiýa çykmaga kömek edeliň!”) diýen sahypadan amala aşyrylar. Bu çäre parahorluga garşy bolan blogger Alekseý Nawalnyý bilen baglanyşykly Rosagit tarapyndan gurnalýar.

2002 – Putiniň “Wowa” diýip üýrüp bilýän iti doglan gününe sowgat hökmünde kabul eden ýyly. “Wowa” onuň ady bolan “Wladimir” sözüniň mähirli gysgaltmasydyr.

2,370 – Putiniň häkimiýet başyna geçen wagty rubl hasaby bilen Orsýetdäki ortaça aýlyk haky.

4230 – Eger Putin ýene iki sapar 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli halka üstünlikli hyzmat edip bilse, onuň Kremlde oturmagyna 4230 gün dolar. Ol şonda 72 ýaşynda bolar.

20,702Rosstata görä, 2011-nji ýylda rubl hasaby bilen Orsýetdäki ortaça aýlyk haky.

120,000 – Putiniň dollar hasaby bilen resmi aýlyk haky.

141,9 million – Orsýetiň häzirki döwürdäki ilat sany. Orsýet şu wagta çenli erkek adamlaryň ortaça ýaşynyň peselmegi we az çaga dogulmagy zerarly örän täsirli demografiki krizise sezewar boldy. Ýöne häzirki wagtda bu ýagdaýyň tersine käbir alamatlar peýda bolup başlady.

146,3 million – Putiniň häkimýet başyna geçen döwründäki Orsýetiň ilat sany.

722,000 – 2012-nji ýylda Orsýetde tussaglykdaky adamlaryň sany.

1,06 million – Putiniň häkimiýet başyna geçen wagty tussaglykda bolan adamlaryň sany.

260 milliard – Putiniň häkimiýet başyna geçende Orsýetde öndürilen içki önümiň amerikan dollary hasabyndaky bahasy.

1,86 trillion – 2011-nji ýylda Orsýetdeöndürilen içki önümiň amerikan dollary hasabyndaky bahasy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG