Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Ýewropa akdyrylyp bilnermi?


Katler: "Transhazar gazgeçirijisi indiki 3-4 ýylyň içinde ýola goýulmasa-da, ol onuň 10-15 ýyldan soň durmuşa geçirilmejekdigini aňlatmaýar".

Katler: "Transhazar gazgeçirijisi indiki 3-4 ýylyň içinde ýola goýulmasa-da, ol onuň 10-15 ýyldan soň durmuşa geçirilmejekdigini aňlatmaýar".

Ýaňy-ýakynda türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňryk hem Ýewropa akdyrylmagy baradaky gürrüňler peýda boldy. Eýranyň gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jawed Owji 10-njy sentýabrda bu temadan eden çykyşynda Türkiýe bilen degişli ylalaşyklara gol goýlandygyny habar berdi.

Bu gürrüňler Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazaryň gaz ýataklary boýunça soňky döwürlerde ýüze çykan käbir diplomatiki çekeleşikleriň yz ýanyna gabat geldi. Eýsem, bu amala aşyrylyp bilinjek proýektmi ýa-da onuň azeri-türkmen dartgynlygy bilen ilteşigi barmy? Bu soraglar bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy düýbi Kanadada ýerlelşýän Karlton uniwersitetiniň professory, şeýle hem Hazaryň gaz ýataklary we kanuny statusy boýunça ekspert Robert Katler bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Katler, bu mesele köne bolsa-da, ýakynda Türkiýäniň we Eýranyň energiýa ministrleri çykyş edip, türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Ýewropa akdyrmak barada gürrüň etdiler. Bu mümkinçiliklere siz nähili garaýarsyňyz?

Robert Katler: Bu mesele öň hem gozgalyp, ol soňy bilen goýbolsun edilipdi. Bu proýekti kommersiýa esasynda amala aşyryp boljakdygy sorag astynda. Ondan başga-da, eger türkmen gazy Türkiýä akdyrylsa, ol nädip akdyrylar we Türkiýäniň içinden nädip geçer diýen sorag ýüze çykýar. TANAP ýagny Trans-Anatoliýa gaz proýekti barada gürrüň edilende, Azerbaýjanyň şol turbadan öz gazyny arkdyrmaga isleginiň bardygyny bilýäris. Azerbaýjanyň Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän ýataklarynda TANAP proýektiniň talap edýän möçberini üpjün etmäge ýeterlik resuslary bar. Şonuň üçin türkmen gazynyň TANAP geçirijisinden akdyrylmagyna mümkinçilik berlip-berilmejegi belli däl, eger rugsat berilmese, onda türkmen gazy nädip Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrylar diýen sorag ýüze çykýar. Onuň üçin täze geçiriji gerek bolsa onda birgiden problemalar dörär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrmak mümkinçiligi baradaky bu gürrüňleriň ýüze çykmagyna soňky wagtlar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dörän dawalar sebäp bolup bilermi?

Robert Katler: Hawa, şeýle bolmagy mümkin. Türkmenistan Transhazar gazgeçirijisine, şeýle-de Azerbaýjana garaşly bolman, gazyny başga ýollar bilen eksport edip biljekdigini duýdurmakçy bolýar. Emma şonda-da TANAP geçirijisinden kimiň gazynyň geçmelidigini kesgitlemek Azerbaýjana bagly.

Eger Türkmenistan Azerbaýjana garaşly däldigini mälim etjek bolsa, onda ol öz reaksiýasyny TOPH, ýagny Transowgan, Pakistan we Hindistan proýektini amala aşyryp biler.

Eger Türkmenistan Azerbaýjana garaşly däldigini mälim etjek bolsa, onda ol öz reaksiýasyny TOPH, ýagny Transowgan, Pakistan we Hindistan proýektini amala aşyryp, şeýle hem Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdaryny artdyrmak arkaly görkezip biler. Aýdýan zatlarym barada eýýäm iş alnyp barylýar.

Şeýlelikde türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen akdyrmak meselesi boýunça, Türkiýäniň bähbidini göz öňünde tutup, bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň tagalla edýän bolmagy mümkin.

Ondan başga-da türk biznesmenleriniň kiçi we orta derejeli şirketleriniň Türkmenistanda belli bir möçberde üstünlik gazanandygyny hem bilýäris. Şonuň üçin Eýranyň üsti bilen geçiriljek gaz turbasy barada şübhelenmäge esas bar, esasanam, Eýrandaky kynçylyklar sebäpli.

Azatlyk Radiosy: Jenap Katler, Eýranyň alyp barýan ýadro programmasyna garşy Ýewropa Bileleşigi şeýle hem ABŞ dürli sanksiýalar girizdiler, şol çäreleriň bu gazgeçiriji baradaky proýekte nähili täsiri bolup biler? Türkmenistan bu ýagdaýa o diýen üns bermese-de, Türkiýe muňa nähili garaýar?

Robert Katler: Hawa, türkiýeli biznesmenleriň Eýrany öz içine alýan islendik proýekte maýa goýup-goýmajagy barada takyk bir zat aýtmak kyn. Bu proýekt bilen gyzyklanýan biznesmenleriň Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky gazgeçirijiniň togtadylmagyna sebäp bolan ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Eýran öz gezeginde bu barada gol goýlan şertnamanyň ýapylan maddalary barada gepleşikleriň gaýtadan başlanmagy üçin tagalla baryny edip gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de, Pakistanyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, bu proýekti amala aşyrmak işi maliýe taýdan mümkin hem däl, bähbitli hem däl. Şeýle-de bu proýekte gatyşmakçy pakistanly banklara ýa-da oňa maýa goýjak beýleki edaralara garşy girizilmegi mümkin sanksiýalar hem problema bolup biler.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Azerbaýjanyň Hazar kenar ýakasyndan tapylan ullakan gaz ýataklary, planlaşdyrylýan Transhazar gazgeçirijisiniň geljegine nähili täsirini ýetirip biler?

Robert Katler: Elbetde, Azerbaýjanyň Ýewropa türkmen gazyny däl-de, öz gazyny akdyrmaga isleginiň bardygyny aýtmaga sebäp bar. Azerbaýjan eýýäm halkara jemgyýetçiliginiň öňünde diplomatik çykyş edip türkmen gazyny Ýewropa geçirmek üçin tranzit ýurt bolmaga taýýardygyny, şeýle hem bu maksadyň amala aşyrylmagynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň islegine baglydygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin alnyp barylýan gepleşiklere gatnaşýar. Azerbaýjanyň Hazaryň ýakasynda ýerleşýän ýataklaryndaky gazyň möçberi trillionlarça kubometr bolup, olaryň bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal tapylandygyny bellemek gerek.

Eger 1999-njy-2000-nji ýyllar aralygyndaky wakalary ýada salsak, Transhazar gazgeçirijisiniň goýbolsun edilmegine, şol wagtlar Şahdeňiz atly ýataklaryň ilkinjisiniň tapylmagy sebäp bolupdy. Şonda häzirki prezidentiň kakasy Geýdar Aliýew täze tapylan gaz ýatagy sebäpli, günorta Kawkaz geçirijisi arkaly Türkiýä akdyrylmagy göz öňünde tutulýan gaz proýekti üçin türkmen gazyna zerurlygyň galmandygyny aýdypdy.

Şeýlelikde Türkmenistan diňe bir ýa-da iki adama bil baglamaklygyň, köp ýyllaryň dowamynda hiç hili gazanç getirmändigine göz ýetirip, ol indi täze eksport ýollary baradaky pikiri orta atmak bilen, bu proýektiň başgaça ýollar bilen amala aşyrylyp bilinjekdigini aýtmaga synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Onda häzirki ýagdaýda Transhazar proýektiniň hakykatdan hem geljeginiň bardygyny aýtmaga esas barmy?

Robert Katler: Gazgeçiriji proýektleriniň gyzykly häsiýeti bar. Olar diňe bu regionda däl, dünýäniň dürli ýerlerinde, birde ýatdan çykarylan ýaly bolsa-da, birnäçe wagtdan soň ýene gün tertibine gaýdyp getirilýär. Mysal üçin, Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň plany 1993-nji ýylda düzülipdi, bu proýekte esasanam günbatar energiýa kompaniýalary gyzyklanma bildiripdi. Bu proýekt, ilki planlaşdyrylyşy ýaly, çalt başa barmadyk bolsa-da, demografik we ykdysady bähbitler sebäpli, aradan 20 ýyl töweregi wagt geçensoň, başga ýollar we başga oýunçylaryň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Transhazar gazgeçirijisi indiki 3-4 ýylyň içinde ýola goýulmasa-da, ol onuň 10-15 ýyldan soň durmuşa geçirilmejekdigini aňlatmaýar.

Transhazar gazproýekti bilen 12 ýyl mundan ozal gyzyklanýanlar, esasan, amerikan kompaniýalary bolsa, häzirki wagtda onuň bilen başga oýunçylar gyzyklanýarlar. Şonuň üçin Transhazar gazgeçirijisi indiki 3-4 ýylyň içinde ýola goýulmasa-da, ol onuň 10-15 ýyldan soň durmuşa geçirilmejekdigini aňlatmaýar. Sebäbi gaz hemişe gerek bolar, gaza bolan talap geljekde has hem güýçlener. Bu proýektiň amala aşyrylmagyna garşy hiç hili päsgelçilik ýok, sebäbi tehniki we inženeriki taýdan bu soraglar eýýäm 12 ýyl mundan ozal çözülipdi, eýýäm şol wagtlar turbanyň nireden geçjekdigini hemmeler bilýärdi. 12 ýylyň dowamynda hatda ekologiki meseleler hem göz öňünde tutulyp, tehniki meseler doly çözülipdi. Ýöne 12 ýyl mundan ozalkysy ýaly, häzirem bu proýektiň öňündäki esasy problema – diňe syýasy päsgelçilikler we ykdysady meseleler. Olar hem köplenç syýasy kararlar bilen bagly.
XS
SM
MD
LG