Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Siriýa boýunça duýduryş berýär


Soňky günleriň dowamynda Türkiýäniň ýaragly güýçleri Siriýa bilen 900 kilometrlik serhetdäki howpsuzlyk çärelerini has hem güýçlendirdiler.
Soňky günleriň dowamynda Türkiýäniň ýaragly güýçleri Siriýa bilen 900 kilometrlik serhetdäki howpsuzlyk çärelerini has hem güýçlendirdiler.
Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül Siriýada bolup geçýän wakalaryň "iň erbet derejä" ýetendigini aýdyp, halkara jemgyýetçiligini herekete geçmäge çagyrdy.

Gül 8-nji oktýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Türkiýäniň öz serhetlerini goramak üçin "zerur bolan ähli çäreleri" görjekdigini aýtdy.

Türk prezidenti bu gan döküşiklikleri togtatmak üçin dünýä güýçleriniň "has önjeýli“ hereket etmelidigini nygtady.

"Siriýadaky ýagdaýlaryň şular ýaly dowam etmegine garaşyp bilmeris" diýip, ol aýtdy. "Elbetde, bir gün ýagdaý üýtgär, emma biz munuň Siriýa öz-özüni weýran etmänkä we has köp gan dökülmänka amala aşmagyny isleýäris".

8-nji oktýabrda ir bilen Siriýadan atylan minomýot bombasy Türkiýäniň territoriýasyna düşenden soň, Türkiýäniň harbylary gaýtawul zarbasyny amala aşyrdylar.

Alty gün bäri Türkiýe Siriýa tarapyndan edilýän bomba hüjümlerine gaýtawul berip gelýär. Ol ýerde prezident Başar al-Assadyň güýçleri gozgalaňçylar bilen söweşýärler. Bu gozgalaňlar 2011-nji ýylda "Arap bahary" adyny alan protestleriň çäginde ýüze çykypdy.

Bu garşylyklaýyn ot açyşlyklar Siriýada Assada garşy baş götermeleriň çäginde ýüze çykan iň çynlakaý serhetaşyr zorluklardyr.

Soňky günleriň dowamynda Türkiýäniň ýaragly güýçleri Siriýa bilen 900 kilometrlik serhetdäki howpsuzlyk çärelerini has hem güýçlendirdiler.

Bu aralykda, 8-nji oktýabrda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Strasburgda Ýewropanyň Geňeşine Türkiýe-Siriýa serhedindäki dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň "juda howpludygyny" aýtdy we bu ýagdaýyň "global derejede ýaýrap biljek regional betbagtçylyga" getirmeginiň ahmaldygyny duýdurdy.

"Siriýadaky ýagdaý aýylganç derejede erbetleşýär" diýip, ol aýtdy. "Bu Siriýanyň goňşularynyň we tutuş regionyň durnuklylygyna çynlakaý wehim salýar".

Şeýle hem Pan çaknyşyklardaky iki tarapyň hem ýarag bilen dowamly üpjün edilmegine "çynlakaý alada" bildirýändigini mälim etdi.

Munda öň BBC Aleppodaky gozgalaňçylaryň bazasynda wideoýazga düşürilen üç sany konteýneri görkezipdi. Görnüşe görä, olar Ukrainadaky ýarag önürijiler tarapyndan Saud Arabystanyna iberilen bolmaly.

BBC konteýnerleriň içindäki harytlary wideoýazga geçirmäge özüne rugsat berilmändigini aýtdy.

Saud Arabystany bu mesele boýunça beýanat bermegi ret etdi.
XS
SM
MD
LG