Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German kansleri Gresiýa sapar edýär, polisiýa howpsuzlygy berkidýär


Grek polisiýasy Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Afina sapary mahalynda bolmagy ahmal islendik gozgalaňyň basylyp ýatyryljagyny aýdýar.

Polisiýa Merkeliň alty sagatlyk sapary mahalynda bozgakçylygyň öňüni almak üçin 6 müňden gowrak polisiýa işgäriniň taýýarlanandygyny we käbir ýerlerde jemgyýetçilik ýygnanyşyklarynyň gadagan edilendigini aýtdy.

Duşenbe güni ýurduň müňlerçe profsoýuz agzasy we beýlekiler Merkeliň Afina etjek saparyna garşy proteste çykdylar.

Gresiýada köp adam bergä batan ýurduň berk tygşytlylyk çärelerini görmäge mejbur edilmegini Merkelden görýär.

Ýewropa Bileleşiginiň iň uly ykdysadyýeti bolan Germaniýa Gresiýanyň köp milliard ýewroly halas edilişine iň köp goşant goşan ýurt.

Grek hökümeti häzir karz berijiler bilen nobatdaky 130 milliard ýewro kömegini almak üçin gepleşik geçirýär.
XS
SM
MD
LG