Sepleriň elýeterliligi

HPF dünýä ykdysadyýetiniň gowşakdygyny aýdýar


Halkara pul fondy dünýä ykdysadyýetiniň gowşaklygyna galýandygyny, gelýän ýylda ösüşiň haýal bolmagyna garaşylýandygyny aýdýar.

Halkara pul fondunyň dünýä ykdysadyýetine syn boýunça taýýarlan täze hasabatynda global ykdysadyýetiň şu ýyl 3.3 prosent ösjekdigi aýdylýar. Iýul aýynda bu ösüşiň 3.5 prosent boljagy çaklanypdy.

Hasabat Ýewropadaky we Birleşen Ştatlardaky syýasatçylar öz ykdysady meselelerini çözmek üçin ýeterlik çäre görmese, ykdysadyýetdäki aşaklamanyň uzaga çekmeginiň ahmaldygyny duýdurýar.
XS
SM
MD
LG