Sepleriň elýeterliligi

HPF: Ýewro zonasyndaky krizis GDA-ny haýalladýar


Halkara pul fondy, ýewro zonasyndaky bergi krizisi babatdaky nämälimlik zeraraly, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň ykdysady ösüşi baradaky çaklamalaryny peseltdi.

Guramanyň ýarym ýyllyk Dünýä ykdysady synynda öňki sowet respublikalarynyň 2012-nji ýyldaky ösüşiniň dört prosent aşaklajagy aýdylýar.

Bu iýul aýyndaky 4.1 prosent ösüş çaklamasyndan pesdir we 2011-nji ýyldaky bäş prosente golaý ösüş çaklamasyndan has azdyr.

Hasabatda bu sebitiň iň uly ykdysadyýetleri bolan Orsýetiň, Gazagystanyň we Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň bergi krizisinden we dünýäde energiýa nyrhlarynyň aşaklamagyndan zyýan çekendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG