Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-a ýetýän raketalarynyň bardygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýa özüniň Birleşen Ştatlaryň territoriýasyna baryp ýetýän raketalarynyň bardygyny yglan etdi.

Bu ýurduň resmi habar gullugy duşenbe güni Milli goranyş komissiýasynyň sözçüsine salgylanyp, şeýle duýduryşyň berlendigini aýtdy.

Sözçi Demirgazyk Koreýanyň harbylarynyň garşydaş ýurt bolan Günorta Koreýa, şeýle-de Ýaponiýa, Guam we ABŞ topraklaryna zarba urup biljek strategiki raketa güýçleriniň bardygyny aýtdy.

Bu beýanat Günorta Koreýa ýekşenbe güni Birleşen Ştatlar bilen öz ballistik raketalarynyň ýetýän aralygyny 300 kilometrden 800 kilometre çenli uzaltmak barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdandan soň edildi.

Demirgazyk Koreýanyň şeýle uzak aralyga ýetýän raketalary üstünlikli synag edenligine hiç hili subutnamanyň ýokdugy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG