Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili we Iwanişwili asuda häkimiýet çalşygyna söz berýärler


Prezident Mihail Saakawili (Ç) "Gürji arzuwy" kaolisiýasynyň lideri Bidzina Iwanişwili bilen Tbiliside duşuşýar, 9-njy oktýabr, 2012 ý.

Prezident Mihail Saakawili (Ç) "Gürji arzuwy" kaolisiýasynyň lideri Bidzina Iwanişwili bilen Tbiliside duşuşýar, 9-njy oktýabr, 2012 ý.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili häkimiýetiň Gürjüstanyň täze hökümetine geçişiniň parahatçylykly boljagyny aýtdy.

Mihail Saakaşwili sişenbe güni “Gürji arzuwy” kaolisiýasynyň lideri Bidzina Iwanişwili bilen duşuşygyndan soň žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Bu onuň 1-nji oktýabrda parlament saýlawlarynda Iwanişwiliniň kaolisiýasynyň ýeňiş gazananyndan soň ilkinji duşuşygydyr.

Saakaşwili: “Men, konstitusiýany kepillendiriji prezident hökmünde häkimiýet çalşygynyň kemsiz, Gürjüstanyň taryhynda görlüp-eşidilmedik, Gürjüstanyň halkynyň bähbitlerini doly berjaý edýän ýagdaýda geçirilmegini üpjün ederin. Şeýle hem geçiş döwründe syýasy prosesleriň ýurduň demokratik gurluşyna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün ederin”.

Duşenbe güni täze hökümete kandidatlary yglan eden Iwanişwili bu gepleşikleriň “özleriniň medeniýetli milletdigini, täze durmuşy başlaýandyklaryny we öz garşydaşlaryna elmydama mertebeli garaýandyklaryny görkezmeklige gönükdirilendigini aýtdy.

Şeýle hem ol Gürjüstanyň daşary syýasaty boýunça öz pozisiýasynyň Saakaşwiliniňki bilen gabat gelýändigini nygtady.

Iwanişwili: “ Biz daşary syýasat, beýleki meseleler we öz pikir garaýyşlarymyz barada maslahat etdik. Daşary syýasat boýunça biziň birmeňzeş pozisiýamyz bar. Bu barada mundan ozal iki tarap hem yglan edipdi. Ýewropa we Ýewro-Atlantik zolak biziň strategiýamyzyň esasyny döredýär. Bu ugurda ozalky hökümetiň alyp baran syýasaty dowam etdiriler. Biz Ýewropa tarap ymtylarys we ýakyn geljekde NATO agza bolarys”.

Gürjüstanda iň baý adam hasaplanýan Iwanişwili syýasy sahnada entek täzeräk adamdyr.

Onuň “Gürji arzuwy” kaolisiýasy 1-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda azyndan 83 orna eýe boldy.

Býullitenlerdäki ýoýmalar barada şikaýatlar sebäpli saýlawlaryň gutarnykly netijeleri boýunça iş dowam etdirilýär.

Iwanişwili saýlaw kampaniýasynda Gürjüstanda sosial we ykdysady problemalar sebäpli Saakaşwilini tankyt etdi we geljek ýylda prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi. Saakaşwiliniň prezidentlik möhleti 2013-nji ýylda tamamlanýar.

Öz gezeginde Saakaşwili Orsýet bilen golaý gatnaşykda bolýanlykda Iwanişwilini aýyplady. Iwanişwili öz baýlygynyň esasy bölegini Orsýetde gazandy.

Gürjüstanyň Orsýet bilen gatnaşyklary 2008-nji ýylda Orsýetiň tarapyny tutýan separatist regiony Günorta Ossetiýa boýunça turan gysga uruşda bozulypdy.
XS
SM
MD
LG