Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti: Türkmenistanyň ynsan hukuklaryna garaldy


Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy
Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy

9-njy oktýabrda Ýewropa Parlamentinde aýallaryň hak-hukuklarynyň ýagdaýy barada ýörite diňlenişik geçirildi. Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komitetinde geçirilen bu diňlenşikde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna garaldy. Ynsan hukuklaryny goraýjy türkmen aktiwistleriniň çykyşlary diňlendi.

Ýewropa Parlamentiniň ynsan hukuklary boýunça komitetinde aýallaryň hak-hukuklary barada geçirilen maslahatyň çäginde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna aýratyn garaldy.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Ynsan hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň demokratik graždan bileleşigi” atly guramalaryň ýolbaşçylary Farid Tuhbatullin we Wýaçeslaw Mämmedow çykyş etdiler.

Türkmen aktiwistleriniň gozgan meseleleri

Wýaçeslaw Mämmedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny ratifikasiýa etmekden ozal türkmen tarapynyň öňünde goýlan talaplary berjaý edişine üns bermeli, diýip aýtdy.

Mämmedowyň pikirine görä, bu meselede türkmen tarapynyň hereketlerine iki kriteriýa, ýagny graždan azatlyklarynyň berjaý edilişi we graždan jemgyýetçiliginiň ýagdaýy nukdaý nazaryndan baha berip bolar.

“Ýöne Türkmenistanda hökumete degişli bolmadyk hiç bir gurama hasaba alynmandy, döredilen ikinji syýasy partiýa-da halkyň erk-islegi esasynda döredilmedi. Bu syýasy partiýa repressiw döwlete wekilçilik edýär”, diýip Mämmedow belledi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy türkmen aktiwistleriniň çykyşlarynda Türkmenistanda ynsan hukuklaryny goraýjylaryň we graždan aktiwistleriniň yzarlanmagynyň dowam etdirilýändigi bellendi. Olar Ýewropa Parlamentiniň wekillerini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny baglaşanda ýurduň öňünde goýlan şertleriň ynsan hukuklary meselesinde berjaý edilmändigini hasaba almaga çagyrdylar.

“Ynsan hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin ýurduň hususan-da bilim meselesinde üzňeleşdirilýändigini belledi. Ol Birleşen Ştatlaryň iňlis dilinden sapak berýän birnäçe programmalarynyň, şol sanda “Parahatçylyk korpusynyň” we “Hello amerika” programmalarynyň ýapylandygyna ünsi çekdi.

Tuhbatullin daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ýurduň daşyna çykmakda kynçylyk çekiýändiklerini, şu sebäpden köp studentleriň hatda kanikul döwründe ýurda barmakdan saklanýandyklaryny belledi. Ol şu günki gün ýurduň daşynda azyndan 20 müň studentiň bilim alýandygyny aýtdy.

Tuhbatullin türkmen häkimiýetleriniň syýasy tussaglaryň ençemesi barada henize çenli hatda olaryň garyndaşlaryna-da maglumat bermän gelýandigini belledi.

Tuhbatullin Ýewropa Bileleşigini Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryna gezek gelende ynsan hukuklaryna has uly ähmiýet bermäge çagyrdy. “Adamlara goldaw beriň, emma režimi goldamaň”, diýip Tuhbatullin aýtdy.

Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň garaýyşlary

Ýewropa Parlamentiniň wekilleri tarapyndan edilen çykyşlarda Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň özgermänligine aladalanma bildirildi we bu meselede türkmen hökümedi bilen gepleşikleriň dowam etdiriljegi aýdyldy.

Ýewropa Parlamentiniň ynsan hukuklary boýunça wekili Andruni Perkanskiýen Türkmenistanda adalat sistemasynyň reformalaryna, türmelerdäki ýagdaýa, graždan jemyýetçiliginiň ösüşine, bileleşmek, söz, hereket we milli azlyklaryň hak-hukuklaryna degişli bar bolan kemçilikleriň aladalanma döredýändigini belledi.

Ýewropa Parlamentiniň wekilleri, Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyna gol çeken ÝB türkmen tarapynyň bu ylalaşyga hakykatdanam gyzyklanma bildirýändigine göz ýetirmeli, diýen pikiri öňe sürdüler.

Çykyşlaryň birinde häzirki wagtda Türkmenistanyň ynsan hukuklaryna hormat goýmakda 179 yurduň sanawynda Eritreýa we Demirgazyk Koreýanyň arasynda galmagynyň ýoberilmesiz ýagdaýdygy aýdyldy.

Ýewropa Parlamentiniň Ynsan hukuklary boýunça komitetinde geçirilen bu maslahat barada Ynsan hukuklary we Daşary gatnaşyklar boýunça komitetler tarapyndan hasabatyň çap ediljegi habar berildi.
XS
SM
MD
LG