Sepleriň elýeterliligi

“ÝUSAID” Türkmenistanda dolandyryşy kämilleşdirmäge kömek berýär


Benjamin Çapman: "Uly sport çäresini gurnamak işi onuň dürs dolandyrylyşyna we dolandyrylyşyň dürs prinsiplerine bagly bolup durýar".

Benjamin Çapman: "Uly sport çäresini gurnamak işi onuň dürs dolandyrylyşyna we dolandyrylyşyň dürs prinsiplerine bagly bolup durýar".

Türkmenistan ýapyk binalarda geçýän oýunlar we gündogar göreşleri boýunça “Aziýa-2017” ýaryşyny geçirmeklige taýýarlyk görýär. Halkara derejesinde geçirilýän şeýle sport ýaryşlaryny gurnamak çynlakaý taýýarlygy talap edýär. Şol sebäpden hem golaýda türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistandaky ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (“ÝUSAID”) “Halkara sport çärelerini gurnamakda dünýa tejribesi” atly üç günlük seminaryny maliýeleşdirdi. Azatlyk Radiosy “ÝUSAID”-iň Türkmenistandaky menejeri Benjamin Çapman bilen bu seminaryň geçişi barada söhbet etdi.

Azatlyk Radiosy: Golaýda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi Aşgabatda “Halkara sport çärelerini gurnamakda dünýä tejribesi” atly ilkinji seminaryny geçirdi. Şu seminar kimiň initiatiwasy boýunça gurnaldy we näme maksat bilen geçirildi?

Benjamin Çapman: Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligine ýüz tutdy we Türkmenistanda geçirilmegini gazanylan çäräni, ýagny ýapyk binalarda geçýän oýunlar we gündogar göreşleri boýunça “Aziýa-2017” ýaryşyny gurnamakda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. Häzir “ÝUSAID” ýörite Türkmenistana niýetlenen “Dolandyryş ulgamyny kämilleşdiriş proýekti” boýunça iş alyp barýar. Bu proýekt esasynda biziň agentligimiz göni Türkmenistanyň hökümeti bilen iş alyp barýar we türkmen hökümetiniň öz raýatlaryna edýän hyzmatlary boýunça işleşmek we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada haýyşlaryna jogap berýär. Ine, hut biziň gurnan şol seminarymyz hem türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça geçirildi. Hökümetiň şol haýyşynda uly sport çäresini geçirmäge taýýarlyk we onuň üçin zerur bolan zatlary maslahat berýän 50-60 sany hökümet resmisi üçin seminar geçirmeklik soraldy.

Azatlyk Radiosy: Şol seminar nähili meselelere bagyşlandy? Ol diňe “Aziýa-2017” ýaryşyny gurnamak barada boldumy?

Benjamin Çapman: Bu seminar esasan sport çäresini geçirýän şäheriň edip biljek işleri boýunça iň gowy tejribeler barada boldy. Häzir şol ýaryşyň başlanmagyna bäş ýyl galdy. Şonuň üçin hem şol çärä ýurt nähili taýýarlayk görmeli diýen esasy meselä seredildi. Olaryň arasynda strategiki planlaşdyryş, kanunçylyk, kommersiýa meseleleri, protokol meselesi hem-de infrastrukturany ösdürmek boýunça meseleler bar.

Azatlyk Radiosy: Seminar nahili ýagdaýda geçdi? Bize mälim bolşy ýaly, oňa Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we metbugatyň wekilleri gatnaşypdyr. Seminara sport bilen bagly beýleki edaralaryň wekillerini çagyrdyňyzmy?

Benjamin Çapman: Bu çäre dört gün dowam etdi. Birinji gün Olimpiýa şäherçesiniň gurulýan ýerinde geçdi we bu gurluşygy alyp barýan “Polimeks” kompaniýasynyň wekilleri bilen maslahat gurnaldy. Ikinji güni açylyş dabaramyz boldy. Soňra Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň bazasynda uly sport çäreleri barada üç günlük seminar gurnaldy. Biz sport menejmenti boýunça ýedi sany halkara ekspertini çagyrdyk. Bu seminar şular ýaly (Aziýa-2017) uly göwrümde geçirilýän halkara sport çärelerini dolandyrmakdaky iň dürs prinsipleri maslahat etmek üçin platforma boldy.

Azatlyk Radiosy: Seminaryňyzyň netijelerine nähili baha berýäňiz?

Benjamin Çapman: Biziň geçiren çärämize gaty uly gyzyklanma boldy. Oňa diňe bir hökümet resmileri däl-de, studentler hem gatnaşdylar. Uly zalda 450 töweregi adam ýygnandy. Soňra seminaryň üçünji gününde 50-60 adamyň gatnaşmagynda jemleýji maslahatymyz boldy. Onda sorag-jogap geçirdik. Soraglar wolantýorlyk, kanunçylyk, halkara kontraktlary baglaşmak we tenderleri geçirmek, sosial ulgamy we medianyň roly barada boldy. Biziň bu duşuşygymyz netijeli we peýdaly boldy diýip biljek. Açyk ýagdaýda geçen bu maslahatda oňa gatnaşan her bir adamyň erkin soraglary bermäge we olara dogryçyl jogap almaga mümkinçiligi boldy. Bu çäre gaty çynlakaý kabul edildi. Türkmen hökümeti biziň halkara ekspertlerimizden köp zatlary öwrenmek mümkinçiligine minnetdarlyk bildirdi.

Azatlyk Radiosy: Geljekde bu ugurda nähili planlaryňyz bar?

Benjamin Çapman: Öňümizdäki noýabr aýynda, meniň pikirimçe, üç sany türkmen resmisini Londona ibermekligi planlaşdyrýarys. Olar Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryny, şeýle hem “Ýewro-2012” ýaryşlaryny gurnamakda gazanylan üstünlikler we ýüzbe-ýüz bolnan problemalar barada geçirilýän konferensiýa gatnaşarlar. Resmileriň bu saparyny “ÝUSAID” maliýeleşdirýär. Olar iň oňat tejribeler barada Londonyň, şeýle hem “Ýewro-2012”-niň resmileri bilen pikir alyşarlar. Şu ýerde esasy bellemeli zat, uly sport çäresini gurnamak işi onuň dürs dolandyrylyşyna we dolandyrylyşyň dürs prinsiplerine bagly bolup durýar. Hut şu meseleler boýunça hem “ÝUSAID” we ABŞ-nyň missiýasy hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýär.
XS
SM
MD
LG